Bitaraplyk, Garaşsyzlyk höwri,
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany.
Berkarar döwletiň bagtyýar döwri,
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany.

Ösüşleriň gadamlaryňa ýaraşýar,
Oba-kendim şäherlere çalyşýar,
Dünýä bilen hoş habarlar alyşýar
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany.

Ynsanperwer, syýasatyn ýöredip,
Dünýäň kitabynda adyň döredip,
Bedew atlaň toýnaklarny küredip,
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany.

Aýyň ýalkymyndan aýdyňdyr gijäň,
Şowlulyga ulaşýandyr her bijäň,
Munda rysgal tapýar zähmetde tijän,
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany.

Çüwdürümleň saz heňlidir mukamy,
Ýylyň dör paslynda boldyr dükany,
Arzuwlaryň hasyl bolýan mekany,
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany.

Perderlerden nusga alyp gerçekler,
Watan üçin şirin janyn berjekler,
Arkadagly rowaçlydyr geljekler,
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany.

Gurbanmämmet Meredow.

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir