Sen aglasaň maňa juda kyn düşer,
Şonuň üçin sen aglama ejem jan.
Sen aglasaň durmuş zyndana düşer,
Sen aglama,
  Sen aglama ejem jan!

Sen aglasaň agyr urar ýüregim,
Sen aglama meniň uly dilegim.
Sensiň meniň iki dünyä geregim,
Sen aglama,
   Sen aglama ejem jan!

Sen bolmasaň maňa düşer örän kyn.
Sensiň maňa hemme kişiden ýakyn,
Seň saýaňda tomus günlerem salkyn.
Sen aglama,
 Sen aglama ejem jan!

Sen aglasaň maňa daralar dünýä.
Dag-daşlar hem göyä maňa sürünýä,
Sensiz maňa nämä gerek bu dünýä.
Sen aglama,
  Sen aglama ejem jan!

Seň şanyňa müňläp sazy çalsalar,
Eneler dünýäde baky galsalar.
Seň ýeriňe men gideýin alsalar,
Sen aglama,
   Sen aglama ejem jan!

Görmäýin gözleňde ajy ýaşyny,
Belent tutup keramatly başyňy.
Şatlyk gurşap alsyn mydam daşyňy,
Sen aglama,
 Sen aglama ejem jan!

Gurbanmämmet Meredow

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir