Ýaramyň kesmegin dyrnama ýene,
Giden soň bir gez hem garama yza,
Ýene gelip gyş eýleme kalbymy,
Orun ýok dünýämde seniň deý gyza.

Kükregimde agy döredi şol gün,
Giden wagtyň adimlerňe bakmadym,
Erkeklik mertebäm gowsundy şonda,
Senden özüm juda alys sakladym.

Setirlere sygmaz gussaly sözler,
Sen hakda köp ýazga, syýa dökerin,
Ykbal duşuraýsa... birden eý aman,
Görmedik bolaryn geçer giderin.

Senem şonda garap galma yzymdan,
Yüregin, seredip göräý diysede,
Wepaly bol, mana wepasyz söygim,
Indi seni haýsy oglan söýsede.

Gurbanmämmet Meredow.

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir