Birden manysyny ýitirdi durmuş,
Gaýyp boldy gözden bagtyň melegi,
Ganat baglap uçup ýören kalbymyň.
Tozap düşdi iň arzyly ýelegi.

Bagt hakynda sözlemäge sözüm ýok,
Arzuw etmägede galmady umyt,
Öz derdime diňe özüm düşünüp,
Bir gyrada ýalňyz otyryn dymy:p.

Arzuw gapysyny ýapandan soňra
Umyt nädip kaksyn meniň gapymy?!
Dünýä baýlygyna çalyşmajagym,
Elden berdim iň gymmatly hakymy.

Gyraw sepeledi gara saçyma,
Ýüregime çümdi  awuly tiken,
Galtaň düşüp, güler ýüzüm saraldy,
Sensizlik ölüme barabar eken.

Gurbanmämmet Meredow.

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir