Beýik işleň dünýä aşýar, Berkararlyk döwrüň bilen,
Toýuň toýlara ulaşyar, bagtyýarlyk döwrüň bilen,
Arkadagym güllär döwrüň, howandarly ömrüň bilen,
Berkarardyr, bagtyýardyr Arkadagly - Türkmenistan.
Arkadagly Diýarymyň ruhubelent illeri bar,
Aýdym aýdyp, şygyr ýazsa, şirin-şeker dilleri bar,
Ýaşyl tuguň saýasynda, hiç solmajak gülleri bar,
Berkarardyr, bagtyýardyr Arkadagly - Türkmenistan.
Al-ýaşyla bürenendir, gyş-u-ýazyň, gözel baglar,
Geçmişiňden habar berýär, Pyragyny gören daglar,
Düýnüňi taryh senelär, şu gün, ertäň bagtly çaglar,
Berkarardyr, bagtyýardyr Arkadagly - Türkmenistan.
Jana melhem sazlaryň bar, dutar, gyjak tary bilen,
Dünýäni haýran edýärsiň, ak binalaň bary bilen,
Bu topraga kylyp tagzym, söýýär halkyň jany bilen,
Berkarardyr, bagtyýardyr Arkadagly - Türkmenistan.
Bäş müň ýyllyk taryhyň bar, äleme owazyň ýetýär,
Ýüpek yoluň ýüreginden dost-doganlyk uzap gidýär,
Müň derdiň dermany bolup, daglaryňda güller bitýär,
Berkarardyr, bagtyýardyr Arkadagly - Türkmenistan.
Geçmişime togap kylyp, geljegime nazar saldym,
Waspyňy ýetirmek üçin, bu gün ele galam aldym,
Rowaçly ýurduň goýnunda göwnüm joşup göge galdym,
Berkarardyr, bagtyýardyr Arkadagly - Türkmenistan.
Arkadagyň paýhasyndan, ýeňişli günlere barýas,
Öňe, öňe, diňe öňe, diýip, batly gadam urýas,
Owadan, asuda ýurtda, okaýas, döredýäs, gurýas,
Berkarardyr, bagtyýardyr Arkadagly - Türkmenistan.
Meredow Gurbanmämmet.