Ýüzüňden gar ýagýar, gözüňden gaýgy,
Öňki ýylgyrşyňdan galmandyr nyşan,
Sözle içki syryň, açyp ýüregiň,
Saňa näme boldy beýle perişan?!.

Ýa-da, kimdir bir seni ynjydyp,
Sözler bilen, agyr urgy urdymy?!
Ýa-da, aldaw bilen ýa, müň al bilen,
Saňa jeren kimin duzak gurdymy?!

Haýsy näkes, haýsy peläket seni,
Bigamly günüňden eýledi jyda?!
Ýürek parçalaýjy halyňa bakyp,
Has dogrusy men-ä gynandym juda.

Aýdaýsana dönmän doňara daşa,
Gözgyny dymşyňa ýürek byjyklap,
Synlap duýdum edil şu pursat seni,
Ýylgyrdybam bolmaz öýdýän gyjyklap .

Meredow Gurbanmämmet.

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir