Kalbymyň arzuwly tary üzüldi,
Sensiz ýaşaýyş ýok, sensiz umyt ýok,
Meň ykbalym hiç soragsyz çözüldi,
Sensiz ýaşaýyş ýok, sensiz umyt ýok,

Höwesim ýok, ýaşamaga, gülmäge,
(Indi pursat ýokdur seni görmäge)
Ykbal uly ezýet berdi, ezmäge,
Sensiz ýaşaýyş ýok, sensiz umyt ýok,

Aýralyk derdine göz ýaşym saçyp,
Gitsem sensiz ýerden guş bolup uçyp,
Nädeýin, täleýden bolonok gaçyp,
Sensiz ýaşaýyş ýok, sensiz umyt ýok,

Ýaşap ýörün ne-de öli, ne diri,
Kändir görülmedik günleň höziri,
Menem şu dünýäden doýanlaň biri,
Sensiz ýaşaýyş ýok, sensiz umyt ýok,

Seni küýsäp, ogryn-ogryn agladym
Sensiz ýaşamaga ýetmez takagym,
Çagyr meni öz ýanyňa ýadadym
Sensiz ýaşaýyş ýok, sensiz umyt ýok,

Sensiz bu jahanda näme edeýin,
Iň gowsy seň yzyňdan gideýin.

Gurbanmämmet Meredow.

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir