'Lena daýza, men ölmäýeýin-dä...' diýip krowatda ýatan, saçlarynyň bary düşüp gutaran oglanjyk seslendi. Onuň hamy çala ýaşyl öwüsýärdi. Fransuzlaryň surata düşüren gülküli filmindäki Fantomas ýadyňyzdamy? Ine, oglanjyk şoňa meňzeýärdi, ýöne onuň ýagdaýy hiç hili gülkünç däldi, asla gülküniň golaýyndan hem geçmeýärdi.

Ýaşy altmyşdan geçen sanitar aýal tutuş durky bilen tisgindi. Munuň ýaly ýagdaýlara öwrenişmek mümkin däl. Adamzat beýle ýagdaýlara öwrenişip bilmeýär. Şonuň üçin hem oňa ADAM diýilýär.

'Diýip oturan zadyň näme, oglum. Sen elbetde ölmersiň...' diýip gözleri ýaşdan dolan daýza jogap berdi.

'Lena daýza, hepdäniň altynjy güni meniň ejemiň doglan güni. Men ejem üçin sowgat taýýarladym... öz elim bilen ýasadym... men öläýsem, sowgadymy ejeme nädip bereýin? Men altynjy güne çenli ölmäýeýin-dä, bolýamy?? Bolýamy, daýza??'

Onkologiýa. Bu palata – ýaşaýyş bilen ölümiň bosagasyndan ätlän adamlar üçin niýetlenen ýer. Bu çagalar diri ýaly bolsalar-da, gürläp bilseler-de, eýýäm öldi hasabynda... Bu ýerdäki her bir çaganyň ýene-de sanalgyja günleri bar. Belki-de birnäçe hepdesi ýa mümkin aýy bardyr. Bu çagalar – başyna ölüm düşen çagalar. Şundan beter eýmendiriji zat gördüm diýýän bolsaňyz, menem size telpek goýýan.

Oňa hiç zat gerek däl. Ony hiç zat halas hem edip biljek däl. Onuň barja arzuwy – ejesiniň doglan gününe çenli ölmän ýetmek, ejesine öz eli bilen ýönekeýje kartondan we reňkli kagyzdan ýasan sowgadyny gowşurmak. Belki-de bu sowgat - oglanjyk we onuň ejesi üçin dünýäde bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr. Allahym, oglanjygyň ejesine bu agyr derdi çekip-çydamaga kuwwat ber! Oňa däliremezlik üçin sabyr ber...

A bizde näme bar? Bizde iPhone bar. Hä... Näçinjisi çykdy onuň, bäşinjisimi ýa eýýäm altynjysymy? Biz gyzyl çaýylan unitazlarda işimizi bitirýäris. Holodilniklerimize çenli akylly boldy, MP3 pleýerli boldy. Kosmosa-da indi alymlar däl-de, syýahatçylar uçýarlar. Hawa... Häzirki döwrüň 'Ylmynyň' gazananlary iki aýakly garynlaryň we ýeňilkelle äjit-mäjitleriň talaplaryny ödemek üçin uzyn nobata düzülipdir. Gözelligi öwrenýän institutlar. Tamponlary we pampersleri öwrenýän ylmy merkezler. Ýygyrtlar bilen göreşmegiň ýollaryny anyklaýan laboratoriýalar. Ine, biziň 21-nji asyr diýýän döwrümiz. Haýp... Rak, SPID we şoňa meňzeş üstün çykylyp bilinmeýän keselleriň bolsa sanasaň sogaby bar. Adamzadyň bu kesellerden üstün çykmak üçin mümkinçiligi ýokmy? Ýok, adamzadyň ondan üstün çykmak üçin ISLEGI ýok.

1959-njy ýylda çapdan çykan 'Ylym we durmuş' žurnaly. Bu neşirde biziň ata-babalarymyzyň geljek hakyndaky arzuwlary beýan edilipdir. Gowusy men žurnaly ýakaýyn... Sebäbi... eý, adamzat, sen 21-nji asyrda 'wagt maşynyny' görjekdiň... garramazlygyň dermanyny, müň dürli keseliň emini, ýyldyzlara syýahaty görjekdiň... Ýok, arzuwam etme. Sen iPhone ulan. Massaž enjamyny ulan. Elitnyý unitaz ulan. Iýseňem semretmän saklaýan tabletkalary ýuwut. Janyň sag bolsun. Dyk sygdygyndan. A men bolsa...

Hawa... görgüli oglanjyk altynjy güne çenli ölmän bildi. Ol diňe bir hepdeden soň dünýäsini täzeledi.

Çeşmesi: Gyzykly faktlar
Terjime: Tokmak aga

Bilim, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir