Adamzat gije-gündiziň gezekleşmesi, ýyldyzlaryň dogmagy-ýaşmagy, Aý fazalarynyň we ýyl pasyllarynyň üýtgemegi ýaly hadysalar bilen gyzyklanyp gelipdir. Şeýlelikde, müňlerçe ýyllaryň dowamynda gije-gündiziň, aýyň we ýylyň özara sazlaşygyny tapmak üçin halklaryň arasynda dürli görnüşdäki kalendarlar döräpdir. Ýeri gelende aýtsak, kalendar sözüniň asyl manysy latynça karz ýa-da bergi kitaby diýmegi aňladypdyr. Gadymy rimliler her aýyň üçi gününi aýratyn at bilen belläpdirler, şeýlelikde, her aýyň 1-ni kalend, her aýyň 5-ni (ýa-da 7-ni) non we her aýyň 13-ni (ýa-da 15-ni) id diýip atlandyrypdyrlar. Ýurduň bergidarlaryna bergisini her aýyň birinji güni – kalend güni bermeli edilipdir. Şeýlelikde, kalendar sözi gelip çykypdyr. Taryhda kalendar hasaplamalarynyň üç görnüşi – Aý kalendary, Aý-Gün we Gün kalendary ýöredilipdir. Ýokarda görkezilen hasaplamalardan häzirki döwrüň senenamalary gelip çykypdyr.

Bilim, Gyzykly tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir