Eger oyken incekeseli adama hova-damja yollary arkaly gecyan bolsa,sunk ve bogun incekeseli mikroblaryn limfa ve gan damarlary arkaly aralasmagy netijesinde doreyar.Yone ol sagdyn adama incekesel bilen kesellan mallardan,koplenic sygyrlardan hem gecip bilyar.Bu gornus koplenc onurganyn ve ayaklaryn iri canak-but,dyz,injik-daban bogunlarynyn,seyrek yagdayda ellerin bogunlarynyn,iri ve mayda sunklerin zeperlenmegi bilen gecyar.
Sunk bogun incekeseli kem-kemden incekesel zaherlenmesinin umumy alamatlary bilen yuze cykyar ve syrkavyn tapdan dusmegi bilen baslanyar.Ol derleyar,basym yadayar,agsamlaryna 37,2-38,8°C cenli gyzdyryar,idasi tutulyar.Incekeselin barlagynda ulanylyan synag keseli yuze cykarmaga itergi beryar.

Cagalarda keypin uytgemegi Keselin irki alamaty bolup duryar.Nasaglan caga yada adam ynjalykdan gacyar.Ydayar,horlanyar,ukysy bozulyar,hereketi hayallasyar,menzu agyryar,isdasi gacyar.Ol kate onurgasynda,canakluk-but,dyz,bogunlarynda yiti bmadyk agyry bildiryanliginden nalayar.Agyry gije dorap,dandan kosesmegi ahmal.Sonabaka kesel osup agyry has yitilesyar.Bogunlar cisgin bolyar,hereket caklenyar.On biraz keytiklenyan bolsa son agsaklap baslayar.Kesel hadysasynyn bogun kekirdevugine ve gabygyna(barda,perde,gatlak) gecmegi alamatlarynyn yitilesmegine getiryar.Ayaklaryn osusi bokdeyar.Agyr yagdayda zeperlenen sunkler irinleyar,ereyar,desik(fistula,sviś) emele gelyar.Kate irin bogundan dasara yaryar.
Sunk bogun incekeselonin kop dusyany onurga incekeselidir.Syrkavyn ebetsiz yoremegi ve yadamagy bu gornusin irki alamatydyr.Sahelce hereket edende onun mejaly gacyar,der basyar.Onurgada sanjy agyry peyda bolyar.Boyun onurgasynyn ince keselinde nasag kellesini birneme yza atyp yoreyar.Dos yada bil onurgasynyn incekeselinden ejir cekyan adam gaysarlyp,garnyny one atyp yoreyar.Dos yada bil onurgasynyn incrkeselinde kate beyleki beden agzalary:ot haltasy,bovrekler,bagyr agyryan yaly bolyar.Agyry sag tarapa gecen halatynda kate yalnysylyp koriceganin tutgayydyr oydulyar.Yone aglaba yagdayda bildaki agyry ayaklara berip,bilagyryny(radikulit) guman etdiryar.
Keselin su dovrunde syrkavyn yalnysyp nevropotologa,hirurga,terepevta yuz tutyan yada ozbasdak yyladyjy careleri geciryan halatlara dus gelmeyar.Munun ozi incekesel lukmany(ftizatr) tarapyndan amala asyrylyan anyklayys bejeris islerinin gijikdirilmegine,onurgadaky agyrynyn guyjemegine getiryar.Uly bil myŝsasynda kem kemden irin toplanyp baslayar.Agyr yagdayda onurga yiligine zeper yetyar.
Dyzcanak incekeseli dyzcanagyn toveregine sary suvun yygnanmagy bilen baslanyar.Cis zerarly dyzcanak gorunmeyar.Sary suv kopeldigisayyn agyry guyclenyar,dyzcanagyn dersi gyzyar,ayaklar incelip ugrayar.Syrkav ayagyny uzadanda agyry peyda bolyar.
Ince keselin ahli gornuslerinin sol sanda sunk bogun incekesrlinin onuni almagyn in ygtybarly usullary kesele garsy onuni alys sajymlary almakdyr.Sahsy arasacylygy yerine yetirmeli.Nasagyn yatyan otagy,yorgan dusegi,gap canagy,supurgicleri ayrybasga bolmaly.Incekeselin mikrobakteryasy yorgan dusekde ve yassykda birnace aylap yasap bilyar.Sona gora olary vagtal vagtal yuvmaly gune sermeli.Gun sohlesinin tasiri bilen Kohuñ tayajyklary 1-2 sagadyn dovamynda olyar.Otagy ol esgi bilen supurip durmaly,vagtal vagtal hloramin ergini (1 litr suva 5 nahar hloramin gosmaly) bilen yuvmaly.Gap canaklary iymit sodasy bilen yuvup gaynag suv akytmaly.
Suydi cig icmekden,uvelen cig eti dadyp gormekden saklanmaly.

Sport, ✿♥✿ tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir