Hy­ta­ýyň ila­ty köpelýär

Hy­ta­ýyň ila­ty 2018-nji ýy­lyň ahy­ry­na çen­li (Gon­kong, Ma­kao we Taý­wan ha­sa­ba alyn­maz­dan) 5,3 mil­li­on ar­typ, 1,395 mil­liard ada­ma deň bol­dy. Mu­ňa Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň döw­let sta­tis­ti­ka eda­ra­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry şa­ýat­lyk ed­ýär.
2017-nji ýyl­da ýur­duň ila­ty 7,37 mil­li­on adam kö­pe­lip­di.
2018-nji ýyl­da ýurt­da tä­ze dog­lan­ ça­ga­la­ryň 15,23 mil­lio­ny bel­li­ge al­nyp, ýo­ga­lan­la­ryň sa­ny 9,93 mil­li­on ada­ma deň bo­lup­dyr.
Ila­tyň te­bi­gy kö­pel­me­si 3,81 müň adam­dan yba­rat bo­lup­dyr.
Ýurt­da er­kek adam­la­ryň sa­ny 713,51 mil­li­ona, ze­nan­la­ryň sa­ny bol­sa, 681,87 mil­lio­na deň bo­lup­dyr.
Hy­ta­ýyň sta­tis­ti­ka eda­ra­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, 2017-nji ýyl­da 16 ýaş­dan 59 ýa­şa çen­li zäh­me­te ukyp­ly ila­tyň umu­my sa­ny 901,99 mil­li­on adam­dan 897,29 mil­li­on çen­li aza­lyp, ila­tyň umu­my sa­ny­nyň 64,3%-ni dü­züp­dir.
2018-nji ýy­lyň ahy­ryn­da Hy­taý­da 60 ýaş­dan uly ýa-da umu­my ila­tyň 17,9 gö­te­ri­mi­ni düz­ýän 249,49 mil­li­on ýa­şaý­jy ha­sa­ba alyn­dy. 65 ýaş­dan uly adam­la­ryň sa­ny 166,58 mil­lio­na (2017-nji ýyl­da 158,31 mil­li­on) çen­li ar­typ, ýur­duň umu­my ila­ty­nyň 11,9 gö­te­ri­mi­ni düz­ýär.
Şä­her ila­ty bir ýy­lyň do­wa­myn­da 17,9 mil­li­on kö­pe­lip, 831,37 mil­lio­na deň bo­lup­dyr, oba­la­ryň­ky bol­sa, 17,9 mil­li­on aza­lyp, 564,01 mil­li­on adam­dan yba­rat bo­lup­dyr. Şä­her ila­ty­nyň pa­ýy 58,52 gö­te­rim­den 59,58 gö­te­ri­me çen­li ar­typ­dyr.

Täzelikler, bank tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir