Adamlar köplenç der döküp gazanan zatlaryny has gymmatbaha hasaplaýarlar. Oňa eýe bolmak üçin näçe der döken bolsalar şonça-da ony aýap saklamak üçin dyrjaşýarlar. Emma saglyk, wagt, akyl ýaly olara hiçhili kynçylyksyz berilen zatlaryň gadryny welin tä elinden gidýänçä bilmeýärler. Bu gezekki makalamda şol gadry bilinmeýän, bahasy barada kän pikirem edilmeýän, emma ýitiren ýagdaýymyzda yzyna getirip bolmajak derejede gymmatly, öwezini dolduryp bolmajak derejede tapylmaz bir baýlyk bolan wagt barada ýazmakçy.
Özüňiziň bankda bir hasabyňyzyň bardygyny göz öňüne getiriň. Şol bankdaky hasabyňyza her gün 24 müň manat pul ýatyrylýar. Bankyň size goýan şerti şeýle: ýatyrylan puly şol günüň dowamynda harjamasaňyz hasabyňyzdan aýrylýar. Bu ýagdaý hergün şeýle dowam edýär. Emma bu şertnamanyň näçe wagtlap dowam etjekdigi ýa-da näçe wagtdan güýjüni ýitirjekdigi barada size hiçhili maglumat berilenok, islendik wagt gutaryp biler. Indi size soragym bu puly size peýda getirjek zatlara harjardyňyzmy ýa-da “barybir ertir ýene mümkinçiligim bolar, zaýa bolsa-da zyýany ýok” diýersiňizmi? Eger-de şertnamanyň möhleti ertir dolýan bolsa onda ýagdaýyňyz nähili bolardy?
Aklyny ulanýan herkimem elinde mümkinçilik barka ony iň ýokary derejede peýdalanmagyň ýollaryny gözlär. Siziňem çaklaýşyňyz ýaly bu deňeşdirmedäki maksat wagtyň gymmatyny düşündirmek. Aslynda bolsa wagt diýilýän zat puldan hem gymmatly. Sebäbi hernäçe maddy mümkinçilikler giň bolaýan ýagdaýynda-da birine bir gün wagt sowgat etmäge hiçkimiň güýji ýetmese gerek. Onda herkim özündäki şol baýlygy nähili iň gowy şekilde ulanyp biljekdigi barada pikirlenmeli, çözgüt gözlemeli.
Bu barada birnäçe ugurdan ussatlaşan, programmist, ýazyjy, aýdymçy, sazanda şol sanda aktýor biri özüniň wagtyny nädip peýdaly ulanýandygyny şeýle düşündirýär: “Günümi üç bölege bölýärin:
8 sagat uky;8 sagat iş (okuw);8 sagat galan wagt;
Ol öz ugrundan daşary öwrenen ähli talantlaryny, gazanan üstünliklerin şol soňky 8 sagatlyk bölegi peýdaly harjamagyna borçludygyny aýtýar. Ol bu 8 sagadyň dowamynda edýän işlerini aşakdaky ýaly iki topara bölýär:
Aktiw işler– kitap ýazmak, saz guraly çalmagy öwrenmek, programma ýazmak ýaly döredijilik işleri, ýagny biziň durmuşymyza goşandy boljak işler;Passiw işler – kino görmek, gazet okamak, sosiýal mediýada wagt geçirmek ýaly netijesi durmuşymyzy özgertmäge peýdasy degmejek işler;
Aktiw işleri artdyryp passiw işleri azaldyp her gün bir ýa-da yarym sagat belli bir zat bilen dowamly meşgullansak, bir ýylyň dowamynda birnäçe peýdaly eser döretmäge mümkinçilgimiz bolar. Mysal üçin her hepdede 1.5-2 sahypalyk makala ýazan ýagdaýymda bu bir ýylyň dowamynda 100 sahypa ýaly taýyn maglumat bolýar. Eger munuň sanyny hepdede 2 makala çykaranymyzda netijäniň nähili artýandygy mesemälim.
Geçirilen barlaglaryň netijesinde dünýädäki döwrebap ýaşaýan her bir adam esasy işinden daşary ortaça 4 sagadyny telefonyň, planşediň ýa-da kompýuteriň ekranyna seretmek bilen geçirýändigi anyklandy. Biz munuň diňe ýarysyny özümiz üçin dogry diýip hasaplaýanymyzda hem her gün 2 sagadymyzy diňe sms ýazmak, wideo görmek, oýun oýnamak, seriýaly kinolary görmek, instagram, facebook ýaly sosiýal mediýada geçirdigimiz bolýar. Bu bolsa ýylda jemi 730 sagat bolýar. Hergün işde ýa-da okuwda 8 sagat harjaýarys diýip hasaplasak bu sagat jemi işde geçirjek 91 günümize deň bolýar, başgaça aýdanymyzda 3 aý işlän ýaly bolýarys. Ilki başda bu üns berilmejek derejede kiçi mukdar ýaly görünsede netijesi gaty uly. Onda biziň şol uly netijäni öz peýdamyza öwrüp bilmegimiz üçin kiçi aralykdaky wagtlary ýerlikli peýdalanmagymyz gerek.
Ýagny oturup bir günläp bir işiň üstünde işlemek däl-de her gün azajykdan dowamly işlemek biziň üçin iň amatlysy bolup durýar. Bu, şol bir wagtda meşgullanmaly işlerimiziň ählisine wagtymyzy aýyrmak üçin hem-de edýän işimizden ýadamazlyk üçin has ýerlikli.
Wagty netijeli ulanmagyň “Getting things done”, “Eisenhower Matrix”, “Pomodoro” ýaly birnäçe üýtgeşik usullary bar. Bu ýerde bu usullardan diňe “Eisenhower Matrix” usulyny gysgaça düşündirmekçi.
Bu usulda biz etmeli işlerimizi wajyplygyna, ýetişdirmeli wagtymyza görä 4 aýry topara bölüp bir kagyza aşakdaky ýaly edip ýazmaly.
Ähli etmeli işlerimizi ýokardaky gutujyklara ýazanymyzdan soň, ilki bilen birinji gutudaky hem wajyp hem gyssagly bolan işlerimizi edip başlamaly. Ikinji gutydaky işleri haçan etjekdigimiz barada her işiň ýanyna gysgaça bellik edip bileris. Üçünji gutydaky işleri bolsa özümiz etmän özi üçin möhüm hasaplap biljek başga birine tabşyryp bileris. Iň soňky dördünji gutujykdaky işler hem wajyp däl hem gyssagly däldigi sebäpli olary etmesegem bolar.
Bu usullardan haýsam bolsa birini ulanmak biziň üçin birnäçe taraplaýyn peýdaly bolup durýar.
Birinjiden, etmeli ähli işleri kellämizde saklap ýörsek belli bir wagtdan soň hiçzat etmesegem özümizi hiç zada ýetişmeýän ýaly, gaty başagaý duýup, oturan ýerimizde ýadaýarys.
Ikinjiden, etmeli zatlarymyz köp bolan ýagdaýynda hemmesiniň ýadymyzda galmazlygy gaty ahmal. Unudyp soňundan kyn ýagdaýa düşmezlik üçin bir ýere ýazmak has oňaýly. Emma her işi başga-başga kagyzlara ýazan ýagdaýymyzda olary ýitirmegimiz hem ahmal.
Üçünjiden bolsa, hemme işleri bir kagyza ýazyp, ol iş bitirilende üstüni çyzmak beýnimizde rahatlama, begenme duýgusyny ýüze çykarýar we bu duýgy bizi indiki işlerimizi has höwes bilen etmäge iterýär.
Geliň onda: “Adam iki zadyň gadryny elinden gidýänçä bilmez. Olar: saglyk we boş wagtdyr.” diýlen söze üns berip, bular elimizde wagty gadryny bileliň we wagtymyzy soňundan puşman bolmajak işlerimiz üçin harjalyň. Belki “Wagtymy goşmaça nämä harjap bilerin” diýýänler hem bolmagy mümkin. Muňa gysgaça şeýle jogap berip bolar:
Öwrenmäge: öz ugrumyzda bizi ussatlaşdyrjak maglumatlary, daşary ýurt dillerini, täze tehnologiýalary, adamlar bilen gatnaşykdaky usullary, maşgala we çaga terbiýesi,…
Döretmäge: edebi eserler, peýdaly makalalar, aýal-gyzlar üçin el işleri, peýdaly programmalar, dürli ugurda proýektler,…
Öwretmäge: bilýän maglumatlarymyzy birnäçe ýollar bilen bilmeýän kişilere ýetirip bileris.
enkaaa 5 years ago- Oran gowy