Nurjahan bolsa
-saklan dur maňa dogryňyzy aýt, meni aldap dogalanyp alan ýaly görýan, özümi
Eltisi bolsa sesini çykarman, baryn gaýyn enem saňa düşündürer diýip, daş çykmak bilen boldy we yuwaşjadan çykyp gitdi......!?

Nurjahan üst başyny oňaryşdyryp eltisi näme jogap getirerkä diýip garaşyp durdy
Az salymdan soň eltisi geldi
-Nurjahan sesiň çykarma Atamyrat gije gelmedi diýip, ilä gep bolsa bolýar, planyň gelniniň birinji gije güni ýoldaşy gelmänmiş, diýen bir topar boşlaryň gürrüňi nämä gerek
-aý şondada öýdäkilere näme diýeýin
-ejeň daga eňňe saçagy biz äkitýas, olarada düýduryp ejeň ýüregin agyrtma
Nurjahan sesin çykarmady.
Eltisi dünýäň gepini aýdyp çykyp gitdi.
Nurjahanyň kellesine kürte atylany bilen heniz gelin däldi, gyzdy
O gün geçdi, ikinji gije hem Atamyrat gelmedi, uçinji gije hem geçdi ondan hawar yokdy, gündüz bir minut gelip Nurjahanyň ýanyna barman daşarda gohlap gohlap gitýärdi
Öýde taze gelnim badyr diýip pikir hem edenokdy. Getiren çemedan süýji kökeleriniň gaty hem açylmadykdy
Aradan bir hepde geçdi, Nurjahanyň bolsa şo gyzyl kürtaň aşagynda gyz bolyp, gelinsirap ýörşüdi. Name diýip sorajagyn hem bilenokdy özleri hem hiç zat aýdanokdy
Çagyrjysy gelip gidende hem gelnejesine hiç zat aýtmady

Aradan 16 gün geçdi. Ol gün Atamyrat Bir ýerdena çykdy we Nurjahanyň ýanyna geldi we
-seniň öýden getiren pulyň ýokma, diýip sorady
Nurjahan bolsa
-yok mende pul, diýip 16 günläp özini idemän, gelen wagty hem pul soraýşyna haýran galdy
Atamyrat içgilidi
=ejemow bir hilaý, gelniň ýanynda bolmasaň pul bermen diýip otyr, sen öýe geldiňde maňa ejem Indi pul berenok diýip Nurjahana igenip başlady we şo gün Atamyrat içgili ýagdaýda Nurjahana wagşylarça ýapyşdy...!?
Nurjahan gyzlyk dünýasi bilen hoşlaşdy ýöne özini ýigrenip, bu dünýeden doýdy, dünýe bilen baky hoşlaşasy geldi ýöne iliň güniň gepi üçin bu pikirinden saklandy

Atamyrat bolsa erkek güýjüne ýapyşyp Nurjahanyň barmagyndaky ýüzügi sypyryp aldyda, sesin çykarman gitdi
Bu wagşylarça gatnaşykdan soň Atamyrat Nurjahanyň golaýyna-da barmady
Ol günde günaşa gelip Nurjahanyň kellesini stena uryp, seňse bolýança urmaga başlady, bar bahanasy hem sen gelip ejem pul berenok mana diýip uryp başlaýardy
Nurjahan indi Atamyratdan öler ýaly gorkýardy. Adyny eşdenden sandyraklap başlaýardy
Soňa baka öýe girse urma diýip gyzyllaryny öz eli bilen berip başlady
Ejesi doganlaryna welin hiç zat aýdyp bilenokdy diňe oňat diýýar boldy, galan zat bilen işi yokdy
Doga tumar diýen zat hem gaty güýçli bolmaga çemeli, Nurjahany lal ýaly edip goýaýypdy

Aradan 7 aý geçdi. Nurjahan bar gyzyllarny, gymmatbaha ýaglyk, koýneklerinden dyndy
Şol 7aýyň içinde är aýallyk gatnaşyk diňe bir gezek, ondada 16 günlik täze gelin wagty bolypdy, ondan soň göreni diňe urgy, kemsitmedi
Sawsebap bilen Allaň gudrady bilen şo bir gezek gatnaşykdan soň Nurjahan hem göwreli boldy. Indi onyň bar umydy göwresindaki çagady

Atamyradyň bolsa şo bolşydy. Ol ne çaga bilen, nede Nurjahan bilen işi hem yokdy. Bar bileni öýden pul alyp gitmek we hazan urmyş şo zady etmekdi
Nurjahan indi bilýardi, narkamana durmyşa çykanyna
Aradan 9 aý geçenden soň Nurjahanyň gyzjagazy boldy. Adyna Ülker goýdylar.
Çaga dogulýan bölümden gelen güni her kim kiçijek perişdejigi ýuzine sylyp ýassyjagyna pul gysdyryp gityardi. Nurjahan o pullary ýygnamandy. Atamyrat gelip çagany eline almaga beýlede dursun, ýassygyň aşagyndaky pullary aldy.
Nurjahan dogadan açylan ýaly bu gezek dymym bilmedi we
-Atamyrat çagaň dünýa inenine 5 gün hem bolanok, nameüçin oňa niýetlenen puly alýaň, degme çagaň pulyna diýdi
-oýýýýý heleýýýý dil gaýtarýarmaaa diýdide, Nurjahanyň ýakasyndan tutyp uryp başlady. Ýaňy çagasy bolandanmy nämemi Nurjahanyň ysgyny yokdy
Atamyrat guduzlan it ýaly Nurjahany uryp uryp keýpden çykdy.
Çaga bolsa aglaýardy göýa ejeme degme diýýan ýaly, eljagazyn kelemenledip çyrlap aglaýardy, o çagaň sesine Atamyradyň ýüregi ýumşar ýaly däldi.
Uryp uryp keýpden çykandan soň çykyp gitdi. Ogly çykyp gidenden gaýyn enesi ylgap gelip, körpeçäni eline aldy
Nurjahana bolsa
-bagyşla gelin, barsyna men günäkar, öýlenip düzelermikä öýtdum, bolmajak bolsa bolmaz eken. Sen öýe ýurek goý oglym diýen sözunden çykmasyn gelnim diýip doga etdirdim, meni bagyşla gelin sen öýňize git saňa ruhsat berýan meniň oglymdan saňa bagt yokdyr, şu geçen bir ýylda goren görgüleriňe hem men günäkär, diýdi
Nurjahan bolsa
-enesi şo doga duzuň güyjune ynanypsyňyz, men şonsyz hem ojagymy ýapmazdym, ol dogany oglyňyza etmeli ekeniňiz, bu çaga bilen men nirä sygaýyn indi
-şondada git gelin ýaşajyk janyň bar, adama ömür bir gezek berilýar, öziňçe ýaşa
Nurjahan sesin çykarman heniz hiç zatdan bihawar perişde ýaljak päk gyzjagazny eline alyp bagryna basdy
Gaýyn enesi maşyn tutyp berdi. Nurjahan gaýny, gaýny gelnini gujaklap, hoşlaşdylar we ol ojagy baky ýapyp gaýtdy....!?

Aradan 20 ýyl geçdi. Nurjahan agzy süýtde bişensoň ikinji gezek durmyşa çykmady. Bir gyzy bilen atasy öýinde otyrdy.
Elinde işi bardy, aýlygy bilen hem gyzy Ülkeri eklemäge ýagdaýy bardy
Ülkerjik bolsa uly gyz boldy. Owadandy alçakdy, ýöne......!?

Nowça (dowamy bar)

Edebiýat, Nowcha90 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir