Şol gündi birinji gezek tanşanymyz Leýli bilen. Fewralyň 18-i, gyşyň jemleýji howasy. Line işleýän döwürleri meni uniwersitetimiziň eşigindäki suratymdan birine meňzedipdir we tanamak üçin dostluk iberipdir. Ýönekeý bir tanyşlykdan nädip gürrüňimiziň uzap gideninem duýman galypdyryn. Ony dogan hökmünde kabul edipdim, sebäbi menden iki ýaş uludy hem-de meniň dostumyň doganydy. Durmuş , ol-bi hakda gürrüň edip, uzak günüm diýen ýaly şonuň bilen line'da ýazyşyp geçýädim. Şol döwürler ýüregimde Maral atly bir gyz bardy, söýenim, ähli umytlarymy şoňa baglanym. Maraly gowy görýänim hakda hemem başga-da line'daky her hili gabat gelenje durmuşym hakda gürrüň berip, Leýli bilen aramyzda aýdylmadyk zat galmady diýen ýalydy.
Indi biri-birimize gowy öwrenişdik we bir gün Leýliden garaşylmadyk bir teklip aldym: "Eger men seni söýýän gyzyňdan gabanaýsam, men seni söýäýsem näme diýersiň?". Şuňa meňzeş teklip almak internetde birinji gezek bolmasa-da, bu gezek üýtgeşikdi, sebäbi ol durmuşym üçin gözöňüme getirýän ideal bir gelinligimdi. Aýý, goşa dyrnakda (türkmen diliniň grammatikasynda ýaňsylanyp ters manyda aýdylan sözler goşa dyrnakda ýazylýar) diýdiň öýdýän diýip menem çynyrgadamokdym. Biri birimize "Goşa dyrnakdaky söýgülim" diýşibem ep-esli gezipdik. Mende oňa henizem sowuk-salalyk bardy , sebäbi ýüregimde hemizem Maral bardy hem-de gyz söýgi teklip eden bolsa oňly gyz däldir, bardyr bir kemçiligi diýen bir ýalňyş düşünje beýnimde köwsarlaýardy. Ýene-de oň bilen ýazyşmak, gürleşmek gyzyklydy, sebäbi ol hem barly, düşünjeli ýeriň gyzydy, hem durmuş hakda tejribeleri, gyzykly gürrüňleri köpdi, diňlemek hezildi. Menä nomer soramokdym, Gürleşenimden ýazanym gyzyklydy, umumy ýaşaýyş jaýynda bolamsoň, gürleşeniňden ýazyşanyň kem däldi. Birgün sesiňi eşdesim gelýä dp özi nomerimi sorady, berdim. Köplenç jaň ederdi, soň soňlar has öwrenşip indi her boş pursatymyz jaňlaşardyk. Gije birden tisginip oýansagam jaňlaşardyk, uky tutmasada jaňlaşardyk, uzak günümizem gulakda telefondy (Ol 5-nji kurs bolansoň welaýatynda tejribededi, men uniwersitetde okuwdadym). Şeýde şeýde biri birimize söýgimiz güýçlenip gitdi, Maral kän ýüz bermänsoň indi ol ýatdan çykyp Leýlini söýüp, şoňa bolan söýgim bilenem durmuşa höwesim artyp başlapdy, indi durmuşdaky ähli zatlar gyzykly, ýönekeý zatlara gülüp ýören dälidim.
dowamy bar ...
SÖÝGI ýürege bir gezek geler eken...
-
elis
5 years ago
- Dkwamyna sabyrsyzlyk bilen garasyan
Babaniyazow J 5 years ago- Овренишмек согиден устун дырйар. бирине овренишсен йуваш йуваш сойуп башлайан