Salam...Talyplar Bu mowzuk her kime peyda getirer diyip umyt edyan
Täze batareýa näçe sagat zarýad bermeli diýene sorag herkimiň jogaby tapawutlydyr. 8 sagatdan 16 sagada çenli hem zarýad edilmelidigini aýtýanlar hem bardyr. Bu dogrumy? Täze telefon ýa-da täze batareýa näçe sagat zarýadda goýmaly? Öndürüjilere görä telefony uzak wagtlap zarýad etmäge gerek ýok. Samsung-yň ulanyjylara beren duýduryşynda zarýadyňyz 100% bolanda we Zarýad doldy bildirişi gelende telefonyňyzy zarýaddan aýyryň çünki batareýalar zawoddan çykan mahaly şoklanyp çykarylýar. Ýagny bolup biljek iň ýokary şekilde çykýar we öýde 16 sagatlap zarýadda goýup muny artdyrmak mümkin däl. Täze telefonlarda Litýum ion batareýalar ulanylýar. Bu batareýalar hakynda biraz gözleg edip gyzyklansaňyz birnäçe ýoldan gorag üçin ulanylýandygyny görersiňiz. Bu batareýalar doly zarýadyny alanda, zarýad almagyny bes eder. Isledigiňiz şekilde zarýadda goýuň, Diňe Telefon elektrik bilen baglanşygyny öçürer. Soragyň jogaby bolsa, täze alan telefonyňyz ýa-da batareýaňyzy uzak wagtlap zarýadda goýmagyňyz zerur däldir. 100% bolanda we zarýad doldy bildirişi gelende telefony zarýaddan aýyryň. Has uzyn zarýad berip, göwrümini artdyrmak mümkin däl. Telefon onsuz hem 100% zarýad bolanda zarýad almagy öçürer. Şuny barlaň, telefonyňyzy zarýada goýuň. Ýarym sagat 45 minut soňra ýa-da telefonyňyzyň zarýady 75% bolanda, zarýadnige eliňizi degiriň. Biraz gyzgyndyr. Has soňra 100% bolsun we telefon biraz zarýadda dursyn. 20 minut soňra gaýtadan zarýadnige eliňizi degiriň. Telefon zarýadda we zarýýadnik tokda bolsada sowukdyr. Çünki zarýadnik telefonyň zarýady 100% bolanda tok bermegini öçürendir.

Yenede Görüşyänçäk hoş

Pikirleriñizi teswirlerde galdyryñ

Perhat Sabirow
+99364290174

Tehnologiýa, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir