Maksada eltýän iň gysga ýol

Ene-atanyň durmuşymyzdaky ýeri başgadyr. Aýal maşgala “eje” bolan wagty oňa bir dereje, bir makam berler we jennet onuň aýagyna çenli süýşer. Namysydyr balajyklaryna eýe çykdymy, öz möhrüni goýdugydyr onuň. Erkeklerem “kaka” bolan pillesi ýükleriň iň mukaddesi bolan “çaga terbiýesi” ýüküni gerdenine alar. Soňra-da şeýle bir derejä – makama çykarlar welin, “Allanyň ryzasy kakanyň ryzasynda, Allanyň gazaby kakanyň gazabyndadyr” hadysynda öz ýerlerini alarlar. “Bir kakanyň balasy üçin eden dogasy bir Pygamberiň öz ymmaty üçin eden dogasy ýalydyr” hadysy bilen ýüreklerine ynjalyk aralaşar. Üç sany uly dogadan biridir, kakanyň öz balasy üçin eden dogasy.
Ene-atasynyň yzyndan ynsan öz ýalňyşlaryny şeýle bir ýatlar welin, olaryň mazarlarynda dil geplemez-de ýatlamalar at salar. Ejäniň mazarynda çagalygyň ähli pursatlary, atanyň mazarynda bolsa, ähli hatalar ýatlanar. Adam ejesiniň ýanynda hatasyny görmez, kakasynyň öňünde bolsa, hatalaryny hiç bagyşlap bilmez. Eje merhemetiň, kaka bolsa wyždanyň sesidir.
Olaryň bu makamlaryny görmek, edil ýanyňyzda iki sany hazynanyň bardygyny bilmek iki dünäýäniň abatlygy, baýlygy diýmekdir.

Terjime eden: Tarhan Abdyýew.

Hekaýa

Ebul Hasan Harakany hezretleri ýanyna gelenlere nesihat berip, dürli hezzetler ederdi. Şol günüň hezzeti bolsa, bir hekaýa boldy:
– Iki dogan ýaşaýardy. Öýlerinde olaryň hyzmatyna mätäç ejeleri bardy. Her gije doganlaryň biri ejeleriniň ýanynda galyp, oňa hyzmat ederdi, beýlekisi bolsa gidip, Ýaradana ybadat ederdi. Bir agşam Ýaradana ybadat eden dogan, eden ybadatyndan aşa lezzet alyp, beýleki doganyna: “Bu gije-de ejemiň ýanynda sen dur, men ybadat edeýin” diýdi. Dogany muny kabul etdi. Ybadat edip otyrka, maňlaýy seždede uklap galdy. Şol wagtam düýş gördi. Düýşünde bir ses oňa: “Biz seniň doganyňy bagyşladyk, senem onuň hormatyna bagyşladyk” diýýärdi. Şonda ol: “Men Ýaradana gulluk edýärin. Doganym bolsa, ejemize hyzmat edýär. Şonda-da meni onuň eden amaly üçin bagyşlaýarsyň?” diýýär. Ol ses oňa: “Seniň eden ybadatyňa biziň hiç hili mätäçligimiz ýok. Emma doganyň edýän hyzmatyna bolsa, ejeňiz gaty mätäç” diýip jogap berýär.
Hekaýa gutaransoň, her kim bir-biriniň ýüzüne seretdi. Hikmetli söz sözleýän Harakany hezretleriniň ol ýerdäkileriň ýarasyna görä gürläp oturandygy bellidi, hemişelik aýrylyp gidibermeýän köňüllerdäki bu ýara melhem ýollaýardy.

Terjime eden: Tarhan Abdyýew.

Weýsel Karany

Weýsel Karany (Weýis Baba) Pygambere bolan muhabbetinden ýanyp-köýýän biridi. Ýaradanyň Resulyny görmek il uly arzuwydy. Onuň gül jemalyny görmek üçin hemme zatdan geçmäge taýyndy. Onuň bilen görüşesi gelýärdi, alkymynda durup, kelam agyzam bolsa, Onuň bilen gürleşesi gelýärdi. Ýöne ejesine hyzmat etmeli bolansoň, bu arzuwy hasyl bolanokdy. Gije-gündüz oňa seretmelidi. Rugsat sorasa, ejesiniň ýeke özi galjakdy, soramasa-da Pygamberi görüp biljek däldi.
Ahyry ejesinden rugsat soramagy müwessa bildi.
– Eje, eger rugsat berseň, Medinä gidip, Serwerimizi görüp gaýtmakçy. Ony görüp-gelmäge rugsat berýämiň?
Weýsel Karanynyň ejesi şobada “Bor!” diýmedi.
– Saňa bir şert bilen rugsat berýän. Pygamberimizi diňe öz mübärek öýünde görüp gaýdarsyň. Başga ýerde bolsa, yzyňa dolanarsyň.
Weýsel Karany begenjinden uçaýjak bolup: “Baş üstüne, ejejan!” diýip, ýola rowana boldy. Uzak ýollar söküp, Medinä bardy. Serwerimiziň öýüniň salgysyny aldy. Işigine baryp, gapysyny kakdy.
Içeriden hezreti Aýşanyň sesi eşidildi:
– Kim o?
Weýsel Karany:
– Men Weýsel, Karenli Weýsel! – diýdi. Serwerimizi görmäge gelendigini aýtdy.
Hezreti Aýşa Serwerimiziň metjide gidendigini, ony şol ýerden tapyp biljekdigini aýtdy.
Weýsel Karany: “A-ah, ki, ne a-ah!” diýip, ýürekden bir “a-ah” çekdi, “Hetdim bolmaz, ejem şu ýere çenli rugsat berdi” diýdi.
Hezreti Aýşa “Sen kimsiň, nireden gelýäň?” diýip sorady.
Weýsel:
– Men Weýsel. Ýemen ilinden. Karen obasyndan. Allanyň garyp bendesi, özüm çopançylyk edýän. Serwerimizi göresim gelip, ýüregim ýanyp barýardy. Görsene muny, nesibe däl eken.
Weýsele görmek nesip etmedi. Ýüregindäki ýanyp duran oda garamazdan Ony görüp bilmedi. Ejesiniň sözüni ýykyp biljek däldi, muny gaty gowy bilýärdi. Onuň göwnüni ýykmakdan gaty gorkýardy. “Nesibe däl eken” diýip yzyna dolandy.
Hezreti Pygamber metjitden gaýdyp gelende: “Eý, Aýşa! Öýe Weýsel geldimi?” diýip sorady. Diýmek, bir mahal habar alypdy. “Meni bu dünýäde görmek onuň nesibesinde ýok. Ýaradan ony synaýar. Ejesiniň sözüne bolan hormatynyň derejesini ölçeýär” diýdi.
Weýsel ejesiniň ýanyna baryp, bolan zatlary birin-birin gürrüň berdi. Ejesi ogluna: “Gynanma, Weýselim, sen ejeň sözüni diňlediň. Sen meni razy etdiň. Alla Serwerimizi saňa o tarapda görkezer” diýdi.
Ejäň sözüniň agramynyň nähili bolmalydygyna düşünmek üçin Weýsel Karanynyň görkezen göreldesi hemme kişä mysal hökmünde ýeterem, artaram. Haýsy kişi sabyr edip bilerdikä, iki ädim aňryk ätse, bolup duruberjek zada... Göresi gelip, ýanyp-tutaşyp ýören birisini – Pygamberi görmän yzyňa dolanmak näme diýmek?!. Gör, nähili agyr synagdy bu. Weýsel bu synagdan geçipdi.
Soň hezreti Pygamber bu aşyga öz hyrkasyny iberipdi hem öz ymmaty üçin dileg etmesini sorapdy. Ol barada ine şeýle diýýär:
– Ymmatymdan bir kişi bar welin, kyýamat güni rabia we mudar taýpasynyň goýunlaryň gyllarynyň sanyça adamy bagyşlatjak (Ol iki taýpanyň goýunlary gaty kändi).
Sahabalar soraýar:
– Eý, Allanyň Resuly! Kimkä bu nesibeli!
– Allanyň gullaryndan biri.
– Ady nämekä?
– Üweýs!
– Ýaşaýan ýeri?
– Karen!
– Özi sizi gördümi?
Hezreti Pygamber manyly ýylgyryp: “Başyndaky gözi bilen görmedi!” diýýär.
Sahabalaryň arasyndan “Geň galaýmaly!” diýenler çykdy, “Sizi şeýle gowy görýän biri näme üçin huzuryňyza ylgaberenok?”.
Hezreti Pygamber munuň sebäbini şeýle düşündirýär:
– Onuň gelmezligem maňa bolan baglylygyndan. Garryja ejesi bar. Iman getiren biri. Ýöne gözi görmeýär, hereket edip bilenok. Üweýs gündizleri düýe bakýar, gazananjasynam ejesine harçlaýar.

“Size Ýemenden Üweýs atly bir adam geler. Ýemende ejesinden başga goýup gaýtjak zady ýok. Özünde aklyk bardyr. Allaha doga etdi-de ol aklyk ondan aýryldy. Diňe bir dinar ýa-da dirhem ululygynda bir ýer galdy. Haýsyňyz oňa duşsaňyz, goý, ol siziň adyňyzdan toba etsin”.
Hezreti Pygamber hezreti Omara: “...Eger Üweýs Allanyň adyndan bir zat üçin kasam etse, Ýaradan onuň kasamyny boş çykarmaz. Seniň üçin doga etmesini islemäge pursadyň bolsa, ondan doga etmesini isle!” diýipdi. Olam ony görende:“Meniň üçin toba etseň!” diýip sorapdy. O-da onuň adyndan toba edipdi.

Terjime eden: Tarhan Abdyýew.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir