Gadym gadym eýýamda, Uzak uzak diýarda, Siňekler garakçy, Çybynlar orakçy, Sygyrlar gezýäkä, Öküzler guzlaýaka, Ýaşanmyş,ýedi depäň arkasynda, Şaglap akýan bir derýanyň boýunda, Şadyýan,mylaýym,mahriban,enaýy, Ekabyr,düşbüje,arzuwçyl bir şagyzy, Oýanarmyş günüň ilkinji şöhlesinde, Salam berermiş jandarlaň ählisine. Salam gün-salam gözel gyz, Salam guşlar-salam pakize, Salam güller-salam şadyýan, Salam asman-salam mahriban, Salam derýa-salam gelmişek, Salam eşek-salam köşek.. Aýdym aýdarmyş şagyzy, İrdenden agşama çenli, ‘Men nahili oýnaýan, men nahili tans etýän, saçym şeýle owadan, gözlerim güyçli dowadan’ ‘Ayt bakaly garry syçan? İn owadan kim eken, Wah sen keyigim sen, Sen aýt indi çypar tilki, İn akylly sensiň belki, Ýok şagyzy sensiň ilki’ Şeýde şeýde gün aýlanýar, Ahyr tomsuň soňy gelýär, Howa sowap,gyş başlaýar, Ayaz bolyar,gar ýagýar, Mör-möjekler ýere girýär, Bu ýyl aýazbaba gelýär... On baş ýyllap bar arzuwy, Täze eşikler geýnüwli, Burny aýnada,gözi ýolda, Ap ak bolup doňan kölde, Arman aýazbaba bu ýylam gelenok, Arzuwçyl şagyzy bu ýylam görenok! ‘Zyýany yok,indiki ýyl geler’ İndiki ýyla şagyzy ullakan bolar, İndi garaşanok aýazbabasyna, Delmuryp garaşyar şazadasyna, Özüçe arzuw etyar,ak atlymyşyn, Üçburç,daýaw,ýeldenem batlymyşyn... Ýene bir baş ýyla garaşýar, ‘İne geler,ahyr geler,hanha gelýär’ Gelýänem yok görünýänem, Söz aýtýanam ýok irinýanem, Haýran galýar,gaharlanýar şagyzy, Yüzüni sallaýar epip dyzy.. Birden bat bilen ýerinden turup, Gaharlanyp,çişip,döşüni gerip, ‘Olar gelmese men olara bararyn Öz şazadamy özümjik taparyn’ Eline bir halta alýar,on sany çörek, On kile gowurdak,baş gazan börek... Az yörap uz yörap,itini idenekläp, Ertesi birinji depä barýar gabatlap, Kül reňkinde owadan gala görýär, Elini bykynynda gapyň öňünde durýar, ‘Ayuu garawul,açjak ýokmy bu natenedi’ Gapy açylýar,içeri alýar näbeleti... Gele gelmän gygyrýar şagyzy: ‘Derrew Şazadany çagyryň bari, Onuň bilen bir işim bar, Alynmadyk bir hakym bar, Köp garaşdyrdy tizräk getirin, İslemese egniňize göteriň’ Bu goha şazadaň özem geldi, ‘Mendirin şazada,ha name boldy?’ Gyz şazada depeden bakdy, Özüçe halamady ýere sokdy, Sorady’Hany ýyldyrym dey ak atyň, Özüň gelip meni almalydyň ahbetin’ ‘Haybatyň näme beýle, Atyma ak dälde,mele, Özüň geldiň,geç töre, Tanyşaly ilki sen sora’ ‘Sorara zat yok şazadasumak, Sen atyň mele ekeni,bolanok’ Gelşi deýin gitdi şagyzy, Ýoluna dowam etdi şagyzy, Az yöredi köp entedi,ýadady, İgde agajynyň aşagynda uka batdy, Uklan badyna düyş gördi, Düýşünde ak atlysy ýaýyn gerdi... ‘Wah’diydi,gorkdy,oýandy, Bir metr ýanyndaky ele söýendi, Yene bir gezek ‘Wah’diydi, Eliň eýesine seretdi, ‘Sen kim,zährama yardyň? Nämä ýylgyrýaň namedir derdiň?’ Bu jelagaýyň şazadasy men , Seni göremden aşyk boldum, Aw etýädim itine ýaýymy gerdim, Hor bolansoň,towukdur öytdim, Bir gözümi gypyp sereden badyma, Seni gördüm,söydüm,yetiş dadyma’ ‘Saňa ýekeje sorag’ diydi şagyzy, Ýene bir gezek sorady şo bir soragy, ‘Atyň reňki name hä,akmy,akjamy? Guýrugy toýnagy hem ak dami?’ ‘Ýok tersine,atym garaja bir alaşa’ ‘Jogabym yok,akja bolmaly meňki aşa’ Şeýde şeýde ýedi şazada gabat geldi, Ýedisinede ‘Ýok’,sebabi aty ak däldi, Ahyr soňy kirli bir gapa yetdi, Bat bilen ylgap gapyny depdi, İçeri girdi,umyt bilen şagyzy, Garry adamy gördi,birem yigidi. Azajygam bolsa gorkup,dillendi, Siz kim bolarsyňyz,salam daýy’ Uzyn sakally ýaşuly gyza seretdi, Gözüni gypyp purosyny tüsseletdi, ‘Mena aýazbaba,bulam ak atly şazada, Arman atymyzy soýdy,şu haramzada’ Şagyzy haýran galdy,ank tank boldy, Öz halyna gynanyp,aglap wank boldy, Soň kellasini diwara urup dünk boldy, Harakiri etjek boldy,eline alanam sünk boldy, ‘Bah’diýdi,’Aýazbaba gerriş çykdy, Ak atly şazadamam sähne boş çykdy’ ‘Name etsemkäm eý Hudaýym Haýp garaşanym,haýp söyenim, Haýp ýol sökenim,haýp köýenim’ Bat bilen baryp penjirani açdy, Özüni oklajak bolup,göz ýaşyn saçdy, Birden,alysdan ýakymly ses eşitdi... ‘Dur şagyzy,tagapyl et,togta, Meni uzakda,sözüm diňle pugta, Dag-daş,suw-ýel adyna söz berýän, Maňa ynan,seni yürekden söýýän, Öňem saňa aýdypdym,diňlemediň, İndi atymam aga boýadym’ ‘Ahow şazada,näme samraýaň, Adalatsyz bular,name güymeýäň, Sen türk ilinde men türkmen sährada, Name zanitlejek bolýaňmaý birbada, Onsaňam nadip habarlaşaly,görüşeli, Seni tanamogama,senem meni’ ‘Gaýrat edip diňle sözüm ýalbarýan, Wagtym az meň,okaýan işleýän, İnternet diyip birzat bar ýazyşaly, Tanyşaly,gepleşeli,söyüşeli, Ynan seni söýýän söýýän söýýän Maňa mail aýt bolýamy, garaşýan’
Perhat Sabirow
+99364290174
ERTEKI (DOLY OKAÑ)
-
Perhat Sabirovv
5 years ago
- Dusunmedim dos
advokatt 5 years ago- mana degisyarmika erteki ha?