- Günlerde bir gün, dünýä belli ýürek hirurgy Michael De Bakey'niň ulagy döwülýär we ony ulag bejerýän ussanyň ýanyna äkidýär. Ulag bejerýän ussa bolsa ulagyň kapotyny açýar-da lukmana yüzlenýär:

- "Lukman aga! Sizden bir zat soramakçy. Ine, Siziň edýän işiňiz bilen meniňki birmeňzeşiräk bolup durýar. Mysal üçin aýdaly, häzir men kapoty açaryn we bir seredenimde kemçiligiň nirededigine düşünerin, gerekli ýerlerini arassalaşdyraryn, gerek bolsa simleri hem-de hereketlendirijiniň ýagyny çalyşaryn. Onda-da düzelmese, hereketlendirijini çykaryp ýerine täzesini goýmaly bolaryn!

- Aýtsaňyzlaň, edýän işimiz birmeňzeşem bolsa, ol nädip Siz-ä millionlap dollar gazanýarsyňyz, a meniň jübime bolsa bary-ýogy 5 manat düşýär?"

- Muny eşiden lukman De Bakey egilipdir-de, ýaňkynyň gulagyna pyşyrdapdyr:

- "Sen şu edýänleriňi hereketlendiriji işläp durka-da etjek bolup gör hany!"

Edebiýat, Tagiev tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir