Özüniň owadanlygy we ajaýyplygy bilen biziň günlerimize gelip ýeten milli şaý-seplerimiz sada hem gözel zenanlarymyz üçin türkmen zergärleriniň ýasan dünýä meşhur sungat eserleridir. Tyllaýy şelpeleri hoş owazly milli şaý-sepler halkymyzyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan gymmatlyklarynyň naýbaşy görnüşleriniň biridir. Çeperçilik taýdan iňňän inçe, owadanlykda deňsiz-taýsyz şaý-seplerde halkymyzyň örän baý, hiç haçan egsilmejek döredijilik äleminiň täsin gözellikleri jemlenendir.
Zergärçilik sungatynyň döreýiş gözbaşlary şöhratly taryhymyzyň çuňluklaryna aralaşýar. Munuň şeýledigini Diýarymyzyň dürli künjeklerinden ýüze çykarylan arheologik tapyndylar tassyklaýar. Mysal üçin, orta daş (mezolit) eýýamyna degişli Jebel gonalgasyndan balykgulaklardan ýasalan ýönekeýje bezeg monjuklary tapyldy. Gojaman Hazaryň kenaryndaky Gubaseňňir burnunyň gaýaly belentliginden bolsa orta daş döwrüne degişli «zergärçilik» ussahanasynyň üsti açyldy. Bu ussahana monjuklary ýasamak sungatynyň iň gadymy ojaklarynyň biri hökmünde dünýäniň sungaty öwreniş ylmynda meşhurdyr. Ol ýerde balykgulaklardan düzülen monjuklar dürli reňklere boýalypdyr.
Hawa milli şaý-seplerimiz biziň gymmatly mirasymyzdyr. Halkymyz elmydama öz milli şaý-seplerini örän aýawly saklapdyrlar we nesilden-nesle geçiripdirler. Ussat zergärlerimiziň ýasan altyn-kümüş şaý-sepleri ýokary hilliligi we çeperligi bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin ol gadymy döwürden bäri peri-peýker gözellerimiziň bezeg esbaplarynyň naýbaşysy bolup gelýär. Ezber zergärlerimiziň gelin-gyzlarymyz üçin ýasan gulakhalka, bilezik, bukaw, gülýaka, gupba, kökenli ýüzük ýaly owadan şaý-sepleri Ýewropa we Gündogar syýahatçylaryny-da haýran galdyrypdyr. Şöhratly taryhymyza ser salanyňda, bu hakykata has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Mysal getirip aýdanymyzda, fransuz topografy we suratçysy Gulibef de Blokwil özüniň «Türkmenleriňkide ýesirlikde» diýen işinde milli şaý-seplerimiz barada şeýle ýazýar: «On-on iki sany gelin bezenişip-beslenişip suwa gitse, olaryň şaý-sepleriniň sesi kiçeňräk kerweniň jaňlarynyň düňňürdisini ýada salýar». Bulardan başga-da Blokwil öz kitabynda türkmen gelin-gyzlarynyň dakynýan gulakhalkalary, bilezikleri, bukawlary, börükleri, saç ujuna dakýan bezeg şaýlary, türkmenleriň ahalteke atlaryna dakýan owadan şaý-sepleri barada ýazmak bilen, milli mirasymyza degişli gymmatly maglumatlary galdyrypdyr. Taryh sahypalarynda türkmen zenanlarynyň dakynýan bezeg şaýlary barada ýazyp beýan eden alymlardyr syýahatçylar başga-da kän duşýar.
Gürrüň milli şaý-seplerimiz barada gozgalan mahaly bellemeli bir hakykat bar. Olam beýleki halklaryň dakynýan bezeg şaýlary bilen türkmen milli şaý-sepleriniň meňzeşliginiň ýoklugydyr. Oňa mysal edip, b.e. öňki VI-V müňýyllyga degişli bolan ekerançylygyň ilkinji watany hasaplanýan Jeýtundan tapylan köp sanly monjuklary we boýundan asylýan bezegleri, b.e. öňki III müňýyllyga degişli bolan Altyndepe şäher-döwletinden tapylan ýüzüklerdir altyn-kümüş bezeg şaýlaryny, Marguş döwletiniň paýtagty Goňurdepeden tapylan dürli görnüşdäki ýüzükleri, bilezikleri, gulakhalkalary, egmeleri görkezmek bolar. Şol tapylan şaý-sepleriň şeýlebir ussatlyk bilen ýasalmagy, pederlerimiziň zergärçiligiň inçe syrlaryny ele alandygyna güwä geçýär. Şonuň üçin-de türkmen bezeg şaýlaryna hyrydarlyk artypdyr. XVIII-XIX asyrlarda Hywada ýaşan türkmenleriň ýasan ata dakylýan şaý esbaplary Buharanyň, Eýranyň bazarynda gymmat bahadan satylypdyr.

Edebiýat, kitaphanachy tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir