Ilatymyzyň uludan-kiçä ählisiniň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeginde kadaly iýmitlenmegiň, zyýanly endiklerden daşda durmagyň, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmagyň, arassa howada işjeň hereket etmegiň, bedenterbiýe maşklarydyr sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyň ähmiýeti uly.
«Saglyk» döwlet maksatnamanyň çäklerinde şypahana we dynç alyş ulgamyny ösdürmek, halkymyzyň saglygyny gorap saklamak we dikeltmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şu maksat bilen döwletimizde bedenterbiýe sagaldyş toplumlary, sport mekdepleri we meýdançalary, çagalar sagaldyş merkezleri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy döredildi. Şeýle-de «Baýramaly», «Farap», «Daşoguz», «Berzeňňi», «Ýyly suw», «Arçman», «Mollagara» şypahanalarynyň döwrebap derejede durky täzelendi. Ýurdumyzda halkyň saglygyny goramakda alnyp barylýan işleriň gerimi giňeldilip, ösen döwletleriň hataryna ýetirilýär. Lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşi köpelip, dürli bejergiler üçin niýetlenen bölümler, otaglar açyldy, trenažor otaglary saglygyny dikeltmäge gelýänlere ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär. Ähli şypahanalarda fitobarlar açylyp, ol ýerde taýýarlanylýan şypaly melhemlerden lezzet almak bolýar.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagymyzda kaşaň myhmanhanalar bilen bir hatarda, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, sport meýdançalarynyň, çagalar sagaldyş merkezleriniň döredilmegi dynç almagyň we saglygy dikeltmegiň köptaraplaýyn ugrunyň kemala gelmegini üpjün etdi. Munuň özi Awazanyň diňe biziň raýatlarymyzyň däl, eýsem dünýä jahankeşdeleriniň hem höwesli dynç alýan söýgüli mekanyna öwrülmegine itergi berýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanda hem bejeriş-sagaldyş syýahatçylygy giň gerim bilen ösüş ýoluna düşdi. Watanymyz keselleriň öňüni alyş we bejeriş häsiýetli deňiz suwuna we howasyna, mineral çeşmelere, palçyk ýataklaryna, dag jülgelerine, karst gowaklaryna diýseň baýdyr. Saglygyň sakasy hasaplanýan ruhy abadançylyk, gündelik bedenterbiýe maşklary bilen meşgul bolmak ýaly ýörelgeler raýatlarymyzyň sagdyn, erkin, abadan ýaşamagyna doly mümkinçilik berýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerinde ähli pudaklarymyza degişli dynç alyş merkezleriniň we myhmanhanalaryň bolmagy ýurdumyzyň raýatlarynyň zähmet rugsadyny bu gözel künjekde geçirmegine mümkinçilik berýär. Deňziň kenarynda dynç almak bolsa ilatyň arasynda hassaçylygyň, maýypçylygyň azalmagyna, raýatlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň uzalmagyna getirýär. Ýoda we köpsanly mikroelementlere baý deňiz suwunyň ýokanç däl keselleriň öňüni almakda, bejeriş çärelerini doly we dogry geçirmekde ähmiýeti bimöçberdir.
Saglyk sahawatly işler bilen bir hatarda ildeşlerimize we daşary döwletlerden gelýän raýatlara edilýän şypahana hyzmatlaryny kämilleşdirmek, lukmançylykda keselden soňky dikeldiş çärelerini öz wagtynda geçirmek, işe ýarawsyzlygyň öňüni almak çäreleri bilen utgaşdyrylýar. Güneşe baý türkmen Diýarynda şypahana hyzmatlary dürli tebigy çeşmelere esaslanandyr. Olaryň içinde tebigy klimatiki howa, palçykly bejergi we balneologiki şypahanalar bar. Häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gurlan, dünýä ülňülerine gabat gelýän dynç alyş öýlerinde bir gezek dynç alyp ýa-da saglygyny dikeldenleriň köpüsi ýene-de bu ýere täzeden gelmegiň arzuwynda gezýärler.
Bilermenleriň maglumatlaryna görä, Hazar deňziniň türkmen kenary iň arassa deňizýaka zolagy hasaplanýar. Hazar deňzinde suwa düşmek möwsümi beýleki goňşy döwletleriň kenar böleginden tapawutlylykda has dowamly bolup, ol oktýabryň ortalaryna çenli uzaýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlup ulanylmaga berlen myhmanhanalardaky, sagaldyş-dikeldiş we dynç alyş merkezindäki serhowuzlarda ýyladylan deňiz suwundan ýylyň dört paslynda hem lezzet almak mümkinçiligi bar. Ýokary amatlyklary özünde jemleýän köpsanly kottejler toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen, Awazanyň kenarynda maşgala bolup dynç almak halkymyzyň arasynda meşhurlyga eýe boldy. Iň guwandyrýan ýeri-de, müňlerçe adamyň birbada öz saglyklaryny berkidip, dynç alyp bilmek mümkinçiligidir. Sebäbi sagaldyş toplumlarynda, myhmanhanalaryň ählisiniň häzirkizaman lukmançylyk enjamlary we fizioterapewtik enjamlar bilen doly üpjün edilmegi müşderileriň ýokary derejede dynç alşyny guramak bilen bir hatarda, saglygyny dikeltmäge-de şertler döredilendir. Açyk we ýapyk görnüşli ýüzülýän basseýnleriň, sport meýdançalarynyň, tennis kortunyň, «çagalar şäherjiginiň» bolmagy adamlaryň boş wagtyny gyzykly we lezzetli geçirmegine ýardam edýär. «Awaza» milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde gojaman Hazaryň türkmen kenary görlüp-eşidilmedik derejede ösüp-özgerdi.
Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny halkymyzyň saglygyny goramaga gönükdirmek, olardan ýerlikli peýdalanmak lukmançylyk nukdaýnazaryndan has amatlydyr. «Awaza» şypahanasynyň işe girizilmegi bilen mineral suwlaryň, palçyklaryň we howa şertiniň lukmançylyk görkezmesi boýunça ulanylýan çägi has-da giňär. Ýurdumyzda rahat dynç almaga, bedeniň ýaşaýyş güýjüni ýokarlandyrmaga, ruhy lezzet almaga döredilen şertler ХХI asyryň ösen talabyny doly derejede kanagatlandyrýar. Gijeki Awaza öz öwüşgini bilen ertekiler dünýäsini ýatladýar. Emeli derýada gämili gezelenç etmek gurlan binalaryň köpüsi bilen birbada tanyşmaga, ýetilen sepgitlere göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Dynç alyp, saglygyny berkidýän ynsanlar kenardaky guş jürküldisini, tolkunlaryň güwwüldisini eşidenlerinde, deňze Gün şöhlesi düşüp ýod, brom bugarma hadysasyny görenlerinde, ondan dem alanlarynda kalbynda diňe oňyn üýtgeşmeleri başdan geçirýändiklerini belleýärler. Awazada joşýan aýdym-saz, hoş owazlar, tolkunlaryň sesi nerw dartgynlygyny aýyrsa, guşlaryň sesi bedende rahatlyk döredýär. Hazaryň kenarynda ynsan saglygyny gorap saklamak we keselleriň öňüni almak üçin zerur bolan tebigy şertleriň ählisi bar diýsek öte geçdigimiz bolmaz. Çünki ýod, brom ýaly mikroelementler bilen baýlaşan deňiz howasy we Gün şöhlesi jana lezzet beriji, rahatlandyryjy täsirli esasy serişdedir. Bu tebigy baýlyklar ildeşlerimiziň we daşary döwletlerden gelen adamlaryň keselleriniň öňüni almakda, bedeniň iş ukyplylygyny artdyrmakda, immuniteti ýokarlandyrmakda ähmiýeti bimöçberdir. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygary ýörelge edinýän milli Liderimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, Hazaryň kenary ildeşlerimiziň we myhmanlaryň höwesli dynç alýan arzyly mekanyna öwrüldi.

Täzelikler, kitaphanachy tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir