Türkmen edebiýatynyň taryhynda mynasyp yz galdyran akyldarlarymyzyň eserlerine ýüzlenmek, olary çuňňur öwrenmek möhüm wezipe bolup durýar. Çünki olardaky watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk ýörelgeleri bagtyýarlyk döwrümiziň gymmatly ruhy-edebi çeşmeleridir.
Gökdepe etrabynyň Isbirden obasynda doglan, XV-XVI asyrlaryň sepgidinde ýaşap geçen türkmen şahyry we akyldary Patyşa Hojanyň edebi mirasyny, esasan, «Gülzar», «Miftakyl adl» («Adalat açary»), «Maksadyl atwar» («Ýaşaýşyň maksady») ýaly ajaýyp eserler düzýär. Gündogar edebiýatynyň gymmatly çeperçilik däplerini özüne siňdiren bu ajaýyp eserler özünden soňky türkmen edebiýatynyň ösmegine, kämilleşmegine nusga alarlyk görelde bolupdyr. Munuň şeýledigine şol eserleri XVIII asyr türkmen edebiýatynyň görnükli şahyry Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseri bilen deňeşdireniňde, aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu eserler ideýa-mazmun we çeperçilik babatda birnäçe umumylyklara eýedir.
Akyldarlardan miras galan bu eserler durmuşy-jemgyýetçilik didaktikanyň elementlerini özüne siňdiren sopuçylyk didaktikanyň wagyzçylyk usulynda ýazylan eserlerdir. Olarda ýurduň berkarar, durmuşyň abadan, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kadaly bolmagy baradaky pikir-garaýyşlar beýan edilýär.
Patyşa Hojanyň eserleriniň-de, Azadynyň «Wagzy-Azat» eseriniň-de temalary, olarda gozgalýan meseleler, öňde goýlan maksatlaryň mazmunlary, ündelýän ideýalar birmeňzeşdir. Döwletlilik, patyşalaryň adalatlylygy, döwletiň, jemgyýetiň, ynsanyň kämilligi, garyba-mätäje, alyma-derwüşe sahawatlylyk etmek, perzent terbiýesi we beýleki meseleler iki akyldaryň eserlerinde hem mynasyp orun alypdyr. Gündogaryň edebi-çeperçilik däpleri, çeperçilik serişdeler babatda hem iki ussadyň eserleri umumylyklara eýe. XVI we XVIII asyrlaryň türkmen edebiýatynyň miraslary bolan bu iki akyldaryň eserleriniň dilinde hem aýratyn tapawutlar ýok diýerlikdir.
Patyşa Hojanyň «Maksadyl atwar» eseri bilen Azadynyň «Wagzy-Azat» eseriniň arasynda köp meňzeşlikler bar. Iki eser hem sap mesnewi şekilinde bolup, möçber taýyndan «Maksadyl atwar» dört müň setire golaý, «Wagzy-Azat» bolsa, dört müň alty ýüz setirden gowrakdyr (2320 beýt). Bu iki eseriň şekil meňzeşliginden, möçber barabarlygyndan başga-da, baplarynyň mazmuny we gaýrylar hakynda hem aýdara zat köpdür. «Maksadyl atwar» eserini soltanlar-patyşalar, olaryň adyllygy, sahylygy, edermenligi, ylma we ylym eýelerine hemaýaty hakyndaky baplar düzýär. Birnäçe baplarda ahlak arassalygy, ruhy kämillik ýaly öwüt-ündewler beýan edilýär. Şu temalar, ideýalar «Wagzy-Azatda» hem patyşalar, haýyr-sahawat, alymlar we sopuçylyk-derwüşler hakyndaky dört babyň çäginde berilýär. Patyşa Hoja «Maksadyl atwar» eseriniň «Nesihatnama» diýen ýedinji babyny ýörite perzent terbiýesine bagyşlan bolsa, Azady öz eserinde perzendiň ata-enäniň öňündäki kyrk borjy hakynda durup geçýär.
Akyldarlarlaryň ikisi-de Gündogaryň edebi-taryhy hazynasyndan meşhur şahsyýetlere degişli hekaýatlardyr rowaýatlardan döredijilikli peýdalanypdyrlar. Eserlerde Nowşirwan, Süleýman pygamber, Musa pygamber, Hatam Taý, Muhammet pygamber, Aly, Harun Reşit, Mahmyt Gaznaly we başgalara degişli ýordumlar duş gelip, olar her bir awtor tarapyndan dürlüçe beýan edilýär we özboluşly gymmatlyga eýe bolýar. Taryhy-edebi şahsyýet bolmadyk umumy ýordumly hekaýatlaryň hem her şahyrda bir hili getirilişine duşmak bolýar. Meselem, Patyşa Hojanyň «Miftakyl adl» («Adalat açary») eserinde haj parzyny bitirmek isleýän şa hakyndaky hekaýat getirilýär. Onuň mazmunyna görä, bir adalatly patyşa wezirine özüniň Mekgä haja gidesiniň gelýändigini aýdýar. Wezir tagty goýup, ýurtdan çykyp gitse, yzynda bulaşyklygyň ýüze çykaýmagynyň ahmaldygyny aýdanda, patyşa haj sogabyny satar ýaly haja gidip gelenleriň birini tapmagy tabşyrýar. Wezir ýigrimi gezek haja gidip gelen bir terkidünýä hajyny patyşanyň huzuryna getirýär. Hajy patyşanyň bir gezek haja gidip geleni üçin berjek müň tyllasyny hem, on müň tyllasyny hem az görýär. Soňra patyşa haj parzynyň nyrhyny onuň özünden soranda, ol: «Meň ýigrimi gezek haja gidip gelenimiň bahasy — seň bir sagatlyk adalatlylygyňa deň» diýip jogap berýär. Şa adalatynyň gymmatyny edebi-filosofik tärde beýan edýän bu hekaýatyň ýordumy Azadynyň «Wagzy-Azat» kitabynda-da duş gelýär. Ýöne munda derwüş altmyş sapar haj eden edilip görkezilýär. Derwüş altmyş ýola eden hajynyň sogabynyň bahasy barada patyşa garap, şeýle diýýär:
Aýdy derwüş: «Bu sözüm düzdür saňa,
Ger kabul etseň, gulak tutgul maňa.

Ger adalat eýleseň bir sagaty,
Hem sowabyn bizge kylsaň şefkaty.

Üşbu altmyş haj sowabyn biýr, pakyr,
Bagş edeýin sizge bu dem, eý emir».

Patyşa Hoja bilen Azadynyň eserlerindäki ýordum we beýleki ugurlardaky umumylyklara degişli şunuň ýaly ýagdaýlar juda köpdür. Iki akyldaryň eserleriniň şeýle umumylyklara eýe bolmagy birnäçe ýagdaýlar bilen şertlenýär. Olar şulardyr:
birinji şert, iki akyldaryň ýaşan döwürleriniň arasynda iki ýüz ýyla golaý wagtyň bolmagyna garamazdan, olaryň ýaşan zamanalarynda türkmen jemgyýetiniň syýasy-ykdysady ýagdaýy, durmuş terzi juda köp tapawutlanmaýardy. Türkmen jemgyýetiniň gurluşy, halkyň ýaşaýyş derejesi Patyşa Hojanyň zamanynda-da, Azadynyň zamanynda-da birmeňzeş diýerlikdi. Bu döwürlerde bitewi milli türkmen döwleti ýokdy.
Ikinji şert, Patyşa Hojanyň-da, Azadynyň-da alan terbiýeleriniň, ylym-bilimleriniň we eýe bolan dünýägaraýyşlarynyň mazmunlary umumydy. Olar sopyçylyk ylmyny, sopuçylyk edebiýatyny özleşdiren akyldarlardyr. Bu başgaça hem bolup bilmez. Çünki akyldarlaryň ýaşan döwürlerinde sopuçylyk ylmy esasy kesgitleýji orunda bolupdyr. Akyldarlaryň alan terbiýesi, ylmy, dünýägaraýşy yslamyň sopuçylyk taglymatynyň esasynda kemala gelipdir.
Üçünji şert, iki şahyryň-da ylham alan edebi dünýäsi, uýan ussatlary umumydyr. Gündogar edebiýatynyň gazanan ölmez-ýitmez edebi gymmatlyklary olar üçin egsilmez hazyna bolupdyr. Sagdy, Nyzamy, Jamy, Nowaýy ýaly beýik söz ussatlarynyň eserleri olaryň döredijilik mekdebine öwrülipdir.
Şeýlelikde, türkmen edebiýatynyň taryhynyň aýry-aýry asyrlarynda ýaşan we döreden bu türkmen şahyrlarynyň edebi miraslaryndaky ideýa-mazmun we çeperçilik umumylyklarynyň gözbaşlary döwürleriň jemgyýetçilik gurluşlaryndan, ylym-biliminden we Gündogar edebiýatynyň çeperçilik däplerinden gaýdýar. Hut şularyň netijesinden hem Patyşa Hoja bilen Azadydan hiç wagt gymmaty peselmejek ajaýyp eserler miras galypdyr.

Baýram Muhammedow

Edebiýat, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir