Bir gün restoranda otyrkam, bir ýerden tarakan peýda bolup, oturan bir zenanyň üstütne ýapyşýar. Zenan gorkunjyndan ýaňa gygyryp, aljyrap, tarakany üstünden aýyrjak bolup böküp başlaýar. Zenanyň bu bolşuny görüp ýanyndaky dost-ýarlaram howsala düşýär.

Zenan eýtýär – beýtýär üstündäki tarakany aýyrýar diýsegem tarakan ýanynda oturan başga bir zenanyň üstüne  ýapyşýar. Bu zenanyň hem bolşy birinji zenandan öwerli däldi.  Bularyň kömegine bir ýerden ofisiant  ýetişýär welin, ýaňky tarakan afisiantyň üstüne ýapyşýar.

Garson howsala düşmän, özüni ele alýar. Egnindäki tarakanyň hereketlerini synlaýar. Özüne bolan ynamyny jemläp elleri bilen tarakany tutyp, daşaryk zyňýar.

Bularyň bolşuny görüp aklymda birnäçe pikir we soraglar  emele geldi. Zenanlaryň howsala düşmesine kim günäkärdi? Tarakanmy?  Eger şeýle bolsa onda näme üçin afisiant hiç hili  howsala düşmän, tarakany  daşaryk zyňmagy başardy.

Bärde tarakan günäkär däldi. Tarakanyň sebäp bolan bu wakasy,  ol zenanlaryň tarakany ol ýerden aýyryp biljek başarjaňlygyň ýoklugydy.

Durmuşdada kakamyň, aýalymyň ýa-da başlygymyň  maňa gygyrmasy meni biynjylyk edenok, asyl biynjylyk maňa gygyrlanda özümde dörän biynjylyk bilen baş edip bilmeýşimdi.

Ýoldaky probka men biynjylyk edenokdy, probgadaky kyn ýagdaý bilen baş edip bilmeýşimdi.

Durmuşda problemlara, wakalara reaksiýa görkezmeli däl.  Onuň ýerine oňa jogap bermelidigine  düşündim.

Zenanlar tarakana reaksiýa görkezdi, ofissiant bolsa jogap berdi.

Reaksiýalar  içden gelýän täsirler, jogaplar bolsa  dogry pikirlerden emele gelen täsirlerdir.

Bagtly kişi durmuşynda ähli zat ýerbeýer bolanlygy üçin bagtly däldir.  Bagtly bolmasynyň asyl sebäbi, durmuşyndaky wakalara, problemalar garşy  dogry pikirlenip, jogap berip bilmegidir.

Bilim, ETIKA tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir