Gözleriňi gözlerime garatda,

Sen bir söz diý, elewresin hyýalym.
Men seniň yşgyňdan serhoş bolaýyn,
Bir ömür söýülip görmedik ýaly.

Eliňi ber,ellerime daňaýyn,
Söýgi atly görünmezek ýüp bilen.
Ýüregimi açyp goýdum aýaňa,
Isle diňle,
Isle güýme gep bilen.

Ýa isleseň geljegiňi gur onda,

(Ýok,bu zatlar boýun bolmaz gümana)
Belli-külli takdyryňy bagla sen,
Takdyryma,hyýalyma.Hamana
Ikimiziň ýagty saçjak ertämiz,

Ýazyk bolsun maňlaýlarda ap-aýdyň.
Iki bolup aýralykdan gaçarys,
Şondan soňam tapybilse-tapaýsyn!

Bu zatlaryň bolar durar alajy,

Iň möhümi gadam basmak bu ýola.
Diýenlermiň dogrulygna baş at-da,
Sen bir söz diý,elewresin hyýalym.

Edebiýat, Babaniyazow J tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir