Kekirdegñize çenli günäleriñ içine çümeniñizden beter, beýlekileriñ bigünäligine içiñiziñ tüteýänini bilýärin.

(Sessiz öý)

* * *

Kakam, üç sany owadan gyza gözini dikip otyran ýerinden: "Kellesinde akyly bolan adam, ýaşaýyşyñ owadandygyny,maksadynyñam bagtly bolmakdygyny biler" -diýdi. "Ýöne soñ, diñe samsyklar bagtly bolar. Ýeri muña nähili düşindiriş bermeli?"

(Mysapyrlyk muzeýi)

* * *

Gabat garşymda oturan aýal:"Meniñ saçymyñ gyrmyzy reñki tebigy"-diýdi. Ötinç soraýan äheñi bar ýalam bolsa, özine göwni ýetýärdi: "Serediñ, tebigy gyrmyzy saçlylarda bolşy ýaly, ellerimde hem ýüzimde ýitilik bar. Endamym ak, gözlerim bolsa ýaşyl"
Bu aýala näme jogap berjegim bilen gyzyklanyp, her kim nazaryny maña dikdi. Men derrew: "Siziñ saçyñyzyñ reñki dogulanñyzda şeýle, meniñki bolsa, özimiñ isleýänim üçin gyrmyzy" -diýdim.

(Gyrmyzy saçly zenan)

* * *

Kör hem goja nakgaş bolan, men, Hudaýyñ älemleri ýedi ýaşyndaky akylly çaganyñ görmek isleýşi ýaly, ýaradanyny bilýärin. Sebäbi Hudaý, älemleri ilki görilsin diýip, ýokdan bar etdi. Görenlerimizi biri-birimize gürriñ bermegimiz üçin bolsa sözleri berdi.

(Meniñ adym Gyrmyzy)

* * *

Janan söze başlanynda "Yşk" -diýip başlardy. Soñra bolsa, meniñ içimde berç bolup, daşaryk çykyp bilmeýän sözleri, bir pursytda tutaşdyryp goýbererdi: "adamy nyşana tarap ugrykdyrar, ömriñ bölek-büçekleriniñ içinden alyp çykar we soñunda (muña häzir akyl ýetirýärin) dünýäniñ syryna tarap alyp gider."

(Täze durmuş)

* * *

Biziñ näme üçin bizdigimizi ýazmalymyşyk.

* * *

Günäm barmyş! Adamlar ikä bölinýärmiş: özi ýaly bigünäler, meniñ ýaly günäliler.

* * *

Ähli zady biri-birleri bilen baglanyşdyrmak, megerem zamanamyzyñ ýokanç keseli bolsa gerek.

(Ak gala)

Edebiýat, GaRa_TmyN tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir