Terjime eden (Öthir Haşimow)
Dünýäniň işleri, elmydama aýaga çolaşyp gyssaýar adamy. Adatdaky ýaly dik aýakda durup mesge çalynan çöregi gyssanmaç iýip durdum. Ejem her sapardakysy ýaly meni rahatlandyrdy:
- Oglum gyssanma, arkaýyn oturyp çaýyňy iç.
- Ýok Eje, işe gijä galýan. Boldy men gitdim!
- Gyssanma oglum! Ejem gözume adatdakysyndan başgaça seretdi.
- Gep bar!
Howsalalysyrap sagada seretdim: Häli zaprawka baryp benzin guýmaly, işe barmaly, ýygnak...
- Näme gep Eje?
Ejem entägem gözlerime mähir bilen seredip otyrdy:
- Surata düşeli - diýdi tötänden. Haýran galdym.
- Näme üçin?
- Ýakynda men ölýärin! Ejem bu sözi edil "goňşylara çykyp geleýin" diýen äheň bilen aýtdy. Gülip goýberdim.
- Goýsana Eje! - şeý diýdimde çykdym gitdim.
Aradan iki hepde ötdi.....
Gijelerine oýanyp gidýän, oýlanýan... Oýlanýan: sen namart, sen akmak şonda nämä güldiň, nämä?
Surata düşmäne wagtyň ýokmudy? Gerek bolsa tapýaňa žurnal uçin, kitap üçin, ýaryň üçin, dostlaryň üçin, işiň üçin... Sen näme kinoýyldyzmy sen? Dünýe tanan şahsmy sen?
Ana bir desse suratyň ýatyr her hili, her ýerde...
Diňe... Diňe Ejeň bilen düşen suratyň ýok.
Perhat Sabirow