Sensiz ýaşalarmy gündüzim-gijäm?
Saña gowuşmasam daralar dünýäm,
Arzuwymdy ömürlik señki bolmak,
Señ bilen ýaşap, señ bilen ölmek.
Seretsene bir gül solýar o-da men,
Bilbil zaryn aglaýar o-da men,
Eşitseñ derýalar joşýar o-da men,
Demimiñ howasy, sensiz öler.
(gaýtalamak)
Sen diñe sen söýülmedim men,
Mynasyp dälmi ýa şol bagta men?
Goramadyñ söýgümiz biwepa sen!
Beýik Alla şaýat çyndan söýenmem!
Sensiz ýaşalarmy galan ömrüm,
Saña gowuşmasam ýykylar ömrüm,
Arzuwymdy ömürlik señki bolmak,
Señ bilen ýaşap señ bilen ölmek.
''Seretsene bir gül solýar'' aýdymyñ sözleri (Amalia)
-
Jeksparro
11 months ago
- Düzediş üçin sag bol, @SiziñÝalyBiri,!
-
Yeser
11 months ago
- oda men diýip amalia ýerine ýetirýä dälmaý muny;))
-
Rowana
11 months ago
- Erbet goşga dal ekeni
-
SiziňÝalyBiri
11 months ago
- Gosgy gowy manysam kapyasam aslynda
-
Jeksparro
11 months ago
- @Yeser aý mena şony kimiñ aydyanynam bilemok yöne Guljahanyñ sesine meNzetdim...:) Amalia bolmagam ahmal...
SiziňÝalyBiri 11 months ago- Baýbow durşy bilen ýalňyş ne dogry ýazylan ne harp ýalňyşsyz. Söýüldiň diňe sen söýülmedim men diýýä aýdymyn özünde bärde bolsa başga.