Enelik bezeýär zenany. Eneler bezeýär dünýäni.

Deňiz jandary bolan sekiz-aýagyň (осминог) durmuşy barada okan bir maglumatym meni gaty pikirlendirdi.

Alymlaryň aýtmaklaryna görä bu deňiz jandary wagty-sagady gelende ýumurtgalamak üçin deňiziň çuňluklarynda bir köwek tapyp ýerleşýär. Ýumurtgalaryny şol köwege taşlaýar. Ondan soň onuň esasy aladasy başlaýar; ol ýumurtgalaryny köwegiň ýokarsyna setirläp asyp goýýar we olara esewan bolýar, hijem köwegi taşlap gitmeýär. Ýumurtgalar deňiziň hapa suwundan zyýan çekmez ýaly üstüne belli wagt aralyklary bilen öz süzgüçlerinden arassalap geçiren arassa suwundan pürküp durýar.

Ýöne gynansagam ýumurtgalaryň kemala gelmegi örän köp wagt alýar we ene jandar wagtyň geçmegi bilen tapdan düşýär. Hiç hili iýmitlenmesizden hemişe sakda durmak ony gaty ýadadýar. Eger ene açlyga çydap bilmese öz aýaklaryndan birin-birin iýip diri galmaga çalyşýar, emma barybir ol şeýde-şeýde çagajyklarynyň ýumurtgalardan çykma wagty golaýlaberende jan berýär. Ol enäniň bedeni bolsa ýumurtgalaryndan çykan naýynjar we ejizje çagalaryna tapylgysyz bir iýmit käni bolup hyzmat edýär.

Şunluk bilen hiçbir sekiz-aýak ene öz balajyklarynyň ýumurtgalaryndan çykanyna şaýat bolup bilmän dünýeden ötýär; ýagny özlerini çagalaryna bagş edýär. Bu zeýilli enelik dessanlaryna tebigatdaky jandarlaryň ählisinde gabat gelse bolýar elbetde. Emma bu okan maglumatym meni gaty duýgulandyrdy..

Niýetiň sapak almak bolsa mugallym kän bu älemde.

Çeşme: Laýndaky Konsultant topary.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir