Saña näme boldy


Ala gözli awlak saýadym,
Saña näm boldy, näm boldy?
Şähdi şeker dilleriñden,
Sözle näm boldy, näm boldy?

Talandy göwnüm talandy,
Señ bakyşlaryñ janym aldy,
Ak göwsüñ bäri dolandyr,
Saña näm boldy, sözle näm boldy?

Sen otursañ serhoş eýläp,
Ah görenler bagryn daglap,
Gel ikimiz meý noş eýläp,
Saña näm boldy, näm boldy?

Seýdi diýer gülüp bakyp,
Al ýañakdan zülpün döküp,
Assa ýöräp aýak çekip,
Saña näm boldy, näm boldy?


Sözleri: Seýitnazar Seýdi,
Aýdymy: Azat Dönmezow,

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir