Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň abraý-mertebesi barha artýar, halkara gatnaşyklary pajarlap ösýär. Goňşy ýurtlar bilen köp taraply gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.
Döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ähli ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary Türkmenistany Kawkaz respublikalary bilen baglanyşdyrýar. Biziň ýurdumyz bu respulikalar bilen hemişe ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etmäge çalyşýar, munuň özi umumy durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberleriniň yzygiderli ýokarlanmagy Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa bilen söwda – ykdysady gatnaşyklaryň okgunly depgininiň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär. Olaryň hem-de biziň ýurdumyzyň arasyndaky haryt dolanşygy dürli ugurly häsiýete eýe bolup durýar. Bu bolsa bilelikdäki işjeň gatnaşyklaryň netijesidir.
Goňşy döwletimiz bolan Azerbaýjan Respublikasy Hazar deňziniň kenarýakasynda ýerleşýän döwletleriň biridir. Ol Türkiýe, Russiýa Federasiýasy, Gruziýa, Ermenistan we Eýran ýaly döwletler bilen araçäkleşýär.
Türkmenistan Azerbajan bilen däbe öwürlen dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Biziň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy geçen ýyllara göz aýlanymyzda, ýokary derejelere beslenendir. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan we Azerbaýjan iki taraplaýyn döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 40-dan gowragyna gol çekdiler. Olar durmuş-ykdysady we syýasy ösüşiň esasy pudaklarynda sazlaşykly we netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösmegi syýasy gepleşiklere, ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegine, şeýle hem medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň köp ugurlary boýunça ysnyşykly gatnaşyklara esaslanýar. Iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklar, şeýle hem hökümet derejesinde resmi wekiliýetleriň alşylmagy türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryna aýratyn öwüşgin çaýýar. Şeýle hem iki ýurduň gatnaşyklarynda bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk esasy orunlarda durýar.
2003-nji ýylda Hazarýaka ýurtlary bolan Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Russiýa Federasiýasy we Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa gol çekdiler. Tähran konwensiýasynyň maksady Hazaryň deňiz gurşawyny ähli çeşmelerden gorap saklamakdan ybaratdyr. Olar Hazar deňziniň biologiýa serişdelerini gorap saklamagy, gaýtadan dikeltmegi hem-de durnukly we rejeli peýdalanmagy öz içine alýar.
Hazarýaka döwletleriň ählisi tarapyndan tassyklanandan soňra Tähran konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awustynda güýje girdi. Bu gün Hazar deňziniň güni diýlip yglan edildi. Şondan bäri bu sene Türkmenistanda her ýyl bellenip geçilýär. Bu sene mynasybetli ýörite çäreler geçirilýär. Şu ýyl hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylda “Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramakda gazanylanlyr” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Biziň ýurdumyz ählumumy ekologiýa meselelerini çözmek, şol sanda Hazaryň täsin ekoulgamyny, onuň tebigy görnüşlerini gorap saklamak boýunça netijeli çäreleri üstünlikli durmuşa geçirýär.
2018-nji ýylyň 18-nji awgustynda bolsa Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammiti geçirildi. Döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekildi. Munuň özi Hazar deňzinde dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň hukuk kadalaryny berkiden taryhy ähmiýetli resminamalaryň biri bolup durýar.
2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahaty geçirildi. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen maslahata CAREC Maksatnamasyna girýän ýurtlaryň, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, CAREC institutynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň we beýlekileriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.
2018-nji ýyl CAREC-niň 2030-njy ýyla çenli strategiýasyny durmuşa geçirmekde badalga ýyly bolup durýar. Bu strategiýa sebitde ykdysady durnuklylygy goldamaga, agza ýurtlaryň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyna gönükdirilendir.
Mundan başga-da Türkmenistan CAREC Maksatnamasynyň çäklerinde ulag taslamalaryny meýilnamalaşdyrmaga we durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. CAREC-niň geçelgeleriniň birnäçesi biziň döwletimiziň üstünden geçýär.
Şu geçirilen maslahata goňşy döwletimiz bolan Azerbaýjan Respublikasyndan hem ýörite wekilýetçilikli topar gelip, bu maslahatyň işine işjeň gatnaşdylar.
Döwletleriň arasynda geçirilen şeýle syýasy wakalar dost-doganlyk hyzmatdaşlygyndaky gatnaşyklary mazmun taýdan baýlaşdyryp, netijeli çözgütleriň kabul edilmegine ýardam berýär.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir