Gara saçyň gije diýip, uklap men,
Gündiz eken, çoh armanym, näzli ýar!
Saba-säher wagty diýip, çaklap men,
Çeşmim açsam, arman eken, näzli ýar!

Gel, görüşseň keramatly goluňdan,
Aýlanaýyn dahanyňdan, tiliňden,
Gahar etme, golum salsam biliňden,
Ataşgähi sen, suzanym, näzli ýar!

Tarypyn eşitdim gara gözüňniň,
Gedasy men, dostum, güler ýüzüňniň,
Zybandan aýrylan her bir sözüňniň,
Kesgil başym, men gurbany, näzli ýar!

Nepes diýer, yşkym hetden aşypdyr,
Tomaşaňa ulug iller üýşüpdir,
Gözüm açsam, aýym-günüm ýaşypdyr.
Zyndan boldy giň jahanym, näzli ýar!

Yşk mülkiniň şasy: Mollanepes

Edebiýat, Babaniyazow J tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir