Türkmen topragy-rysgally, döwletli toprak. Babadaýhanlarymyz ak bugdaýyñ gadymy mekany hasaplanylýan türkmen topragynda pagtanyñ, guşgursak bugdaýyn, şalynyñ bakja hem gök önümleriñ bereketli hasyly ýetişdirilýär.

Ýurdumyzda pagta we galla Hasylyny ösdürmegiñ we gaýtadan işlemekligiñ milli oba hojalyk toplumyny ösdürmegiñ esasy ugurlarynyñ hatarynda durýandygyna aýratyn üns berilýär. Pagta Türkmenistanyñ eksport sanawynda mynasyp orun eýeläp, ýurdymyzyñ barha ösýän milli dokma senagatynyñ kärhanalary üçin esasy çig mal bolup durýar. Bu kärhanalarda ýurdumyzyñ, şeýle-hem daşary ýurtlaryñ bazarlaryna uly islege eýe bolan, halkara ölçeglere laýyk gelýän önümler öndürilýär.

Bereketli topragymyzyñ hümmetini artdyrmak, ilaty özümizde öndürilýän, ýokary hilli elýeter bahaly azyk önümlerini bilen üpjün etmek häzirki döwrüñ möhüm wezipeleriliñ biridir. Oba ilatynyñ ýaşaýyş-durmuş şertleriniñ yzygider gowulandyrylmagy oba hojalygynyñ ösmegine onyñ täsirine ýetirýär. Mähriban Diýarymyzda ekerançylaryñ zähmet we durmuş şertlerini gowylandyrmak, ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek, önümçilige ylmyñ öñdebaryjy gazananlaryny we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.

Babadaýhanyñ alyñ deriniñ, arly ýylky çeken zähmetiniñ miwesi bolan, bereketli hasylyñ baýramçylyk dabarasy ýurdumyzyñ ähli künjekleri gurşap alýar. Diñe bir adaty baýramçylyk bolman,daýhanyñ zähmetiniñ toýy bolup durmuşa ornaşan bu dabaranyñ şanyna ýurdumyzda Hasyl baýramçylygy hem uly şowhun bilen dabaralanýar. Ýurdyñ her bir pudagyñ işgärleri bu baýramçylyga toý sowgady bilen gelýärler.

Ýurdumyzyñ ähli künjeklerinde berektli topragymyzyñ bol hasylyna bagyşlanan sergiler guralýar. Sungat ussatlarynyñ konserti Hasyl toýuna aýratyn öwüşgin çaýýar.

Täzelikler, nexttm tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir