Golaýda Türkmen oba hojalyk institutynda ýerleşýän Adam hukuklary boýunça sebit merkezinde Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçynyň, Adalatçynyň diwanynyň baş maslahatçysynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.
Oňa welaýat, şäher, etrap häkimleriniň bilim, medeniýet we saglyk ulgamlary boýunça orunbasarlary, welaýat Bilim müdirliginiň, welaýat pensiýa gaznasynyň, welaýat häkimliginiň işgärler, geňeşlikler we häkimligiň edaralarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň, Türkmenistanyň Sport we Ýaşlar syýasaty ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, welaýat Polisiýa müdirliginiň Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölüminiň wekilleri, BMG-niň Çagalar gaznasy bolan UNICEF-iň wekili gatnaşdy. Maslahaty Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçy açdy we gün tertibinde serediljek meseleler bilen tanyşdyrdy. Maslahatyň gün tertibinde “Çagalaryň we maýyp adamlaryňdyr çagalaryň hukuklary” meselesine seredildi. Maslahatyň başynda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçy çykyş edip, Adalatça bildirilýän talaplar, onuň hukuklary, wezipe ygtyýarlyklary we öz wezipesini ýerine ýetirmegindäki ygtyýarlyklary, onuň täsir ediş kadalary barada bu ýere ýygnananlara gürrüň berdi. Şeýle-de Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky ýörelgeleri öz içine alýan “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň talaplary kabul edilmeginiň maksady we wezipeleri dogrusynda durlup geçildi. Adam hukuklary institutlary, olaryň jemgyýetdäki orny barada seljermeler we pikir alyşmalar geçirildi.
Maslahatyň gün tertibinde bellenilen meseläniň çäklerinde raýatlaryň hukuklaryny goramak, olaryň ýüz tutmalary babatda degişli işleri alyp barmak boýunça geçirilmeli çäreler, Administratiw hukuk namalaryna girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler dogrusynda gürrüňler hem beýan edildi. Döwletimizde milli kanunçylygymyz döwrebap görnüşde kämilleşdirilip, onda döwletiň iň gymmatly baýlygynyň adamlygy ýörite maddada hem beýan edilendir.
Häzirki wagt Türkmenistan döwletimiz birnäçe iri guramalar bilen, şol san-da BMG-niň çagalar gaznasy - UNICEF bilen hem hyzmatdaşlyk saklaýar. Şunuň bilen birlikde hem ýurdumyz Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň hem agzasy bolup durýar. Gün tertibiniň ikinji meselesinde maýyp adamlaryňdyr çagalaryň
hukuklaryna seredildi. Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçy welaýatda ýerleşýän garrylar öýlerine, çagalar we ýetginjekler öýlerine aýlanyp görendigi, olar bilen söhbetdeşlikleri geçirendigini belläp, bu ýerlerde işleriň guralyşyna baha berdi. Ýeri gelende bellesek Türkmenistan döwletimizde maýyplara döwlet tarapyndan ähli durmuşy zerurlyklaryň ählisi ýeňilleşdirilip, olara kömek pullary berilýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ähli ýerlerinde maýyplar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we olaryň ýaşaýyş-durmuş derejelerini gowulandyrmak, döwlet tarapyndan goldamak maksatly giň göwrümli işler durmuşa geçirildi.
Çagalaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýa 1989-njy ýylda döredilýär. Konwensiýada heniz kämillik ýaşyna ýetmedik, 18 ýaşyny doldurmadyk çagalaryň hak-hukuklary giňden beýan edilýär. Konwensiýa gatnaşyjy döwletler çagany ählitaraplaýyn goraýar, olaryň bilim almagy, diline, dinine we milletine, gelip çykyşyna garamazdan olary hormatlaýar we zerurlyklar bilen üpjün edýär. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda çagalaryň hukuklarynyň goraglylygy, olaryň hökmany ýagdaýda mugt görnüşinde umumy orta bilim almaga bolan mümkinçiligi, UNICEF bilen bilelikde alnyp barylýan işler hem giňişleýin seljerildi. Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçy Adalatçynyň wezipelerinde Çagalaryň hukuklarynyň tutýan orny we wezipesi hakynda giňişleýin düşünje berdi.
Çagalaryň we maýyp adamlaryňdyr çagalaryň hukuklaryndan söz açýan maslahatyň dowamynda degişli meseleler boýunça Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçy bilen sowal-jogap alyşmalar hem guraldy.

Täzelikler, Merd@n@ tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir