«Goşa baba» hakynda rowaýatlar.

«Goşa baba» ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Oraz Salyr obasynda ýaşap geçen ulamalaryň biri. Ol özüniň ömrüni mätäçlere, garyp-pukara adamlara elinden gelen kömegi aýaman gezen adam bolupdyr. Goşa baba 1898-nji ýylda doglup, 1971-nji ýylda dünýäden öten. «Goşa babanyň» keramaty, haýyr sahawaty barada adamlaryň arasynda birnäçe gürrüňler bar.


Nebisjeňligiň jezasy

Günlerde bir gün Goşa baba öz obasynyň içinden barýarka, oturymly öýlerden biri aýaly bilen öz gabatlarynyň ýabyny gazyp duran. Olar salam berip, Goşa babanyň ýagdaýyny soraýarlar. Çaý-çörek hödür edip, öýe girmegini haýyş edýärler.
- Aý oglum, men öýe girip çaýlaşyp oturmaýyn, gyssagly barýaryn. Eger siz razy bolsaňyz, rysgalyňyzy oýaryp bersem diýýärin.
Öý eýesi Goşa babany gujaklap:
- Aý agam bir gaýrat etsene, rysgalymy oýaryp berseň, ömür boýy sizi unutmaryn – diýýär. Goşa baba:
Eger siz sözüňizde durup bilseňiz, men sözümde duraryn – diýende:
- Aýt agam, sözümizde durmak biziň bilen diýip, ýap gazyp duran janygypdyr.
Aýaly hem Goşa babadan:
- Sadagasy boldugym, aýdyberiň. Näme talap etseňiz, bizden bitmejek gümany bolmaz. Örän arkaýyn boluň, sadagasy boldugym – diýip ýalbaran.
- Hol duran sygryňyzy meniň öýüme eltiň. Soň siziň rysgalyňyz wagtyň içinde göterilip gider – diýip, ýoluny dowam etdirýär. Goşa babanyň olardan dilän sygry gaty owadan daýaw sygyrdy, şol sygry Goşa baba iberjek bolanda aýaly pikirini üýtgedýär. Onda adamsy: “sen pikiriňden el çek, ol biler, dili dogaly adamy aldasak, gowy bolmaz-a” diýende, aýaly: “özi bir garry adam, biljek gümany barmy?” diýip, oglundan başga sygry berip goýberýär. Goşa baba bolsa ony görüp, “bu meniň diýýän sygrym däl” diýip, yzyna berip goýberýär. Aradan bir hepde geçip geçmän, ýaňkylaryň iki sygry hem haram ölüpdir.


«Goşa baba» hakynda rowaýatlaryň dowamy bar.

Edebiýat, Turkmengalaa tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir