Şygyr bilen gyzyklanýan we aýdymyñ sözlerini ýazmana synanýan dostlarmyza azajygam bolsa kömek bermek maksady bilen ýazan bu makalanyñ Enşalla peýdasy deger.
Aýdym sözlerinde öñiñde bir adam bilen gürleşip duran ýaly ýazmak açyk ýyljak lirika baý sòzleri tapmaly. Mümkin boldugyndan ýönekeý üýtgeşik tâze jümleler tapmak hökmandyr. Ýene-de möhim bilmeli zadymyz aýdym sözlerinde kyn zat añsady tapmakdyr. Ýagny gizlin alynma sòzlerden uzaklaşyp aýdyljak sözler açyk we düşnikli bolmalydyr.
"Belli sözlerden " manylardan uzakda durmaly. "Belli söz"nâme? Ýagny öñelem köp aýdylan sözler we meñzetmelerdir. Mysal üçin "Sen gideliñ bâri her gün aglaýan göz ýaşlarym diñmeýâr "ýaly belki milyon gezek aýdylyp ýazylyp geçen sözler her diñleýjini özine çekmese gerek.
Aslynda hemmâmiziñ bilşimiz ýaly halk döredijiliginde esasan "dörtleme' goşgylar has köp ýaýrandyr. Olaryñ hem arasynda gaýbana 7,8, we 11 bogunly şygyrlara gabat geleris. 11 boguny ikâ bölip 6+5=11 ýaly Goşgylary ýazyp bileris. Azajyk mysal getireliñ:

Men saña söýgimi (6) aýdaýyn nâdip (5)=11
Günler geçip barýar (6) ömrimden gâdip (5)=11
Birje gezek görsem (6) lebiñden dadyp (5)=11
Bu ýaş ýüregimde (6 ) galmaýar arman (5)=11

8 bogun ölçegi bolsa öz içinde 3+5=8 , 5+3=8 ýa-da 4+4=8 ýaly böleklere böliner. Olaryñ arasynda iñ meşhur we maslahat berilýâni 4+4=8 şeklindâki bölinmedir. Meselem:

Maña söýýân (4) diýme janym (4)=8
Gizle ony (4) gursagyñda (4)=8
Bagş et maña (4) yşgyñ jamyn (4)=8
Gaýnap dursun (4) gursagymda (4)=8

7 bogun ölçegi göwnime bolmasa iñ añsat ölçegdir. Çünki ol böleklere bölinmez. Mysal getireliñ

Gitmesene gözel gyz (7)
Gitmesene ýanymdan (7)
Señ bilen geçen günler (7)
Çykmaýar hiç ýadymdan (7)

Ýadyñdamy ýalñyzym?!(7)
Şol gün aý-aýdyñ gije (7)
Nurana Aýy synlap (7)
Oturardyk bileje (7)

We bolardan başgada kâbir âheñlere sazlara görâ bogun ölcegsiz şygyrlar hem ýazylýar. Meselem:

Kalbyñ söýenji (5)
Gözlermiñ guwanjy (6)
Ýaşaýarsyñ hyýalymda añymda (11)
Ýalbarýan ezizim gitme ýanymdan (10)
Gal eziz bol ömirlik ýanymda (11)

Aýdym sözlerini "Ýazdym boldum soñuna nokat goýdym "diýmâñ. Onuñ üstinde soñundan düzeltmâge girişen mahalyñyz köp sâwlikleri tapyp bilersiñiz.Ýazyp gutarandyñyza ynanan bolsañyz hem şol gün kagyzy bir ýana goýup birnâçe günden soñ sözleri unudup ýatdan çykyşan halatyñyzda tâzeden kagyzy eliñize alyp serediñ .Çürt-kesik şol pursat ilki-ilkiler görmân galan bir ýa-da bir nâce ýalñyslyklaryñyz göziñize iler.
Ýene-de dilimize agyr bolan sözleri ulanmazlyga synanşmaly.
Aslynda aýdym düzmek barada ýazmaly zatlar kân. Emma beýniñizi mundan beter ýadadyp işi hasam kynlaşdyrmagyñ geregi ýokmyka diýýân. Hâzirlikçe şu ýazylanlary añymyzda ornaşdyryp soñ-soñ ýuwas-ýuwasdan ökdelâp gitjegiñize ynanýaryn.

Galamyñyz we gadamyñyz batly bolsun eziz galamdaşlar!!!

Gerceknazar Amannazarow

Täzelikler, Gerceknazar tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir