Köýtendagyň ýene-de bir ajaýyp ýadygärlikleriniň biri – bu dinozawrlarynyň yzlarydyr. Bu yzlar Köýtendagyň demirgazyk-günbatar eňňiginde, Hojapil obasynyň golaýyndan 1980-nji ýylda tapyldy. Ýerli ilata bu yzlar irden bäri belli bolup, olar yzlara Isgender Zülkarneýniň pilleriniň yzlarydyr öýdüpdirler. Şonuň üçin obanyň adyny Hojapil diýip atlandyrypdyrlar. Dinozawrlaryň aýak yzlary uzynlygy 500 metr, ini 260 metr bolan tekiz belentlikde bolup, bu ýerde jemi 400 gowrak aýak yzlarynyň bardygy anyklanyldy. Professor W. I. Sedleskiniň çaklamalaryna görä bu sudurlarda takmyndan 150 million ýyl ozal ýaşap geçen ösümlik iýiji ignanodontlaryň we ýyrtyjy dinozawrlaryň aýak yzlarynyň alamatlary bar. Yzlaryň daş keşbi üç barmagyň anyk bildirýän oýuk sudurydyr. Yzlaryň ululygy 70-80 sm, aradaşlygy (ýa-da ädimiň uzynlygy) 1,5 metr töweregi. Diýmek, çaklamalara görä iri dinozawrlaryň boýy 8-12 metre, göwresiniň uzynlygy 5 metre, agramy 5-10 tonnadyr. Dinozawrlaryň belent tekizliginde iri yzlaryň ýanynda oýtymy 45 santimetr töweregindäki kiçi yzlaryň sudurlary hem bar.
Umuman, Köýtendagda ýokarky ýura dinozawrlarynyň 2500 sany aýak yzlary tapyldy. Olaryň şeýle köp mukdary diňe biziň ýurdumyzda tapyldy we başga ýerde şular ýaly ýokdur (ilkinji gezek dinozawrlaryň galyndylary ABŞ-dan, soňra Mongoliýadan we Hytaýdan tapyldy). Dinozawrlaryň we Köýtendagyň beýleki tebigy ýadygärlikleri Türkmenistanyň Hökümetiniň 1986-njy ýylyň 11-nji iýulyndaky karary esasynda Köýtendag döwlet goraghanasynyň çägine girizildi 1990-njy ýylyň 3-nji awgustyndaky karary esasynda bolsa “Dinozawrlaryň tekiz belentligi” paleontologik tebigy ýadygärlik diýip yglan edildi we häzirki wagtda gorag astynda saklanylýär.

Alynan çeşme Laýndaky Bir söz topary.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir