Aş­gabadyň gü­norta-günbatar tarapynda dag eteginiň gö­zel künjegi bolan Gökderede ýurdumyzda ilkinji zoologiýa toplumynyň — Janly tebigatyň milli muzeýi gapylaryny giň­den aç­dy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­langyjy bilen gurlan bu toplum türkmenistanlylar we ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlar üçin ajaýyp sowgat boldy.
Gökderede gurlan bu muzeý halkymyzyň, esasanam ýaş­laryň janly tebigatynyň ajaýyp we syrly dünýä­sine aralaşyp, olaryň tebigata bolan söý­gü­sini has hem artdyrmaga ýardam eder. 40 gektar meý­danda gurlan muzeý­de tebigatyň tä­sin jandarlarynyň, şol sanda süý­demdirijileriň, guş­laryň, süý­renijileriň, balyklaryň we beý­leki deňiz jandarlarynyň üç mü­ňü­si bar.
Bu jandarlaryň hemmesiniň tebigy ýaşaý­şy göz öňünde tutulyp gerekli şertler dö­redilipdir. Zoo toplum üçin tebigy taý­dan has amatly bolan bu ýeriň saý­lanyp alynmagy hem ýö­ne ýerden däldir. Dag howasy we gaý­talanmajak tebigy landşaft jandarlaryň ýaşaý­jy üçin amatly şert dö­redýär. Toplumyň çäklerinde gurlan zoologiýa seýilgä­hi bolsa halkara ülňü­lere doly gabat gelýär.
Daşary ýurt kompaniýasy tarapyndan gurlan bu ýerde myhmanlar dünýä­niň dürli ýerlerinden getirilen jandarlaryň köp sanlysyny synlamaga, olaryň tä­sin dünýä­si, ösü­şi bilen baglanşykly maglumatlar almaga mümkinçilik dö­redilipdir.
Dabaraly ýagdaý­da geçirilen açylyşa Türkmenistanyň Hö­kü­metiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, tebigaty goraýyş dü­zümleriniň, hä­kimlikleriň ýolbaş­çylary, Türkmenistanda iş­leýän diplomatik wekil hanalaryň we missiýalaryň baş­tutanlary, giň jemgyýetçiligiň wekilleri we paý­tagtymyzyň okuwçy ýaş­lary gatnaş­dylar.
Bu tä­sin dünýä­de dü­ýe guş­lar, durnalar, ördekler, guwlar, gäwmiş­ler, ak kerkler, zebralar, žiraflar, iki örküç­li dü­ýeler, ýylanlaryň dürli görnüş­leri, ýolbarslar, alaja barslar, gaplaň­lar, çal toty guş­lary, tawuslar, sülgünler, afrikan antilopalary, lamalar, buý­ra şahly geçi, dag goç­lary, sugun, saryja goýunlar, kenguru, jerenler we beý­leki haý­wanlar bar. Megerem dünýä­niň dürli ýerinde, dürli şertlerde ýaşaýan jandarlaryň hemmesini bir ýerde görmek hemmeler üçin diý­seň gyzykly bolsa gerek. Tebigy sazlaşykda dö­redilen bu toplum çagalaryň we ulularyň hö­wes bilen dynç alýan ýerine öwrü­ler.

Toplumyň çäklerinde ýerleş­ýän galereýalarda ýurdumyzyň suratkeş­leri tarapyndan ýerine ýetirilen türkmen haý­wanat dünýä­siniň jandarlarynyň şekilleri beýan edilen suratlar, 150 müň ýyl mundan öň biziň ýurdumyzda ýaşap geçen haý­wanlaryň emeli skeletleriniň eksponatlary haý­wanat dünýä­si bilen gyzyklanýanlaryň bu barada has köp maglumat almaklaryny ýardam edýär.
Muzeýiň çep tarapynda uly akwariumdaky geň tä­sin jandarlar—deňiz ýyldyzlary, liliýalar, aktiniýalar, gubkalar, deňiz kirpileri, leň­ňeç­ler, tropiki balyklar myhmanlary haý­ran galdyrýar.

Taýýarlanlar: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet ýokary okuw jaýyň 4 ýyl talyplary Begsoltan Saparowa, Baýmyrat Nazarow.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir