Nazarlar kaknyşyp, büdürän gözel,
Ýetdi sabrym ýigrimi birime çenli.
Agşam gursagyma sygmady gazal,
Orta goýdum ýog-u baryma çenli.

Ýeser alartsaň-da humaý gözüňi,
Göreçleriň aldamady gözümi.
Düýnki saňa diýen “A gyz” sözümi,
Kem-kem üýtgederin “ýaryma” çenli.

Iki ädim aramyzyň gerimi,
Iş bolýar şonda-da sylmak derimi,
Bir gün sandyraýan barmaklarymy,
Elterin şol goşa örüme çenli.

Söýgime sygynyp, guşadym bilim,
Söýgiňe ynanyp ulaldy pälim.
Ir-u giç işiňe gatnaýan ýoluň,
Uzalar öýmüziň törüne çenli.

Mämmetnazar Babanazarow.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir