Düýn gowy däl zatlary eştdim gynanaýdym biziň serhedimiz gaty biderek goralýan eken. Men Lebap bilen Özbegistanyň serhedi barada nejis zatlary eştdim hemmesini aýtmaýyn. TM-dan näçe tonnalap Özbegistana benzin geçirýän ekenler. Galla, mal, pagta.. hemme zady serhetden geçiriberýän ekenler. Öňki prezident wiza girizenden soň şu zatlar galar öýdüpdim ýöne ýok henizem dowam edýä. Olary barlap tutýalaram ýöne ýene-de pent bolanok täzeleri taýylaýýa özem öz türkmenlerimiz kömek edýä daşyna zat geçirmäge ýa bolmasa özleri äkidip satýalar. Serhetde durýan esgerjiklere bolsa ýa pul berýälermişin ýa-da aftomat bilen gorkuzýalarmyşyn. Şu zatlara ömürlik gözegçilik edip bolmazmyka?! TM specnazlary taýýarlaýan okuw barmy?! Ýok bolsa açmaly güýçli oglanlary taýýarlamaly kim köp pul berse dälde kimde höwes, ukyp, mertlik bolsa şolary almaly. Agent 007-lary taýýarlamaly. Ýa bu zatlar barmy gizlin edilýämi?! Beýleki ýurtlarda-da serhezi esgerler goraýamy?! Ýokarda otyran işgärleriň hemmesi diýen ýaly haram işleýäler şonuň ýaly kynmyka iň bolmanda öz ýurdyňa zyýan getirjek zady bir etmeli däl ahyry.
Serhet
-
agajanh
17 years ago
- Sentýabr aýlarynda eşidipdim bu habary...
-
Harmandali
17 years ago
- Menem on eshdipdim yone doly tazelikde eshtdim ol yerde aydylmadyk nache zat bar ekenlay mena gulagym galdy.
-
Shazada
17 years ago
- halamasanyzam menden size dayow maslahat!! shun yali turkmenistana degishli agyr politika gurleshmeseniz gowy bolar!! bolmasa bardenem gacyp gitmeli edyaniz..
-
agash55
17 years ago
- Esgeriňe çörek bermesen şeyle bolayyada?
-
MuhaciR
17 years ago
- harmandäääli seret beýle meseleler hemme ýurtda bar bolýar we bolaram. muň öňüni almak üçin Gitleri gabyryndan çykarmaly
-
shahyr
17 years ago
- Harmandali dogan beýle zatlar hemme ýurtda çyndanam bolýa. Serhetler gorkunç ýerler. Goramagam kyn. Elbetde beýle zatlary goldamzok welin adam öldürüşmelerem köp bolýa serhetlerde benzinä bärde dursun. Çyndanam shazada dogry diýýä maňa galsa.
-
Harmandali
17 years ago
- Ay bolya yapayyn onda temany mena garshy dal.
Harmandali 17 years ago- Bizde hemme zat arzan diýip begenip ýörs arzan bolanynda näme ol arzan zatlary her bir öň ýeten çilip durjak bolsa?! Ýa bolmasa biz hem hemme zadyň bahasyny daşary ýurtlaryňky bilen deň hatarda etmelimi nämemi. Ýöne beýle bolsa kyn bolar ýaşamak. Ýöne iň bolmanda benziny, pagtany, galla, nebit, mal.. şol zatlary gymmatlatmaly hemem aýlyklaram şoňa görä bermeli. Şeýdilsä soň biziň ýurdymyzdan serhhetden aňyryk zat daşamazdylar. Içim dagy ýanaýdy Lebabyň halka garyp ýaşaýa ýöne bol ýaşamaly halk pagta bugdaý hemme zatda öňde barýalara. Hojambazyň häkiminiň dagy eden işlerini nejis şonuň ýaly adamlary hijem türmeden boşatmaly däl. Şeýdip baýanlara baý bol-elin ýaşaýa beýlekiler bolsa kösenip ýaşaýalar.