Kanun bar, ganhora ölümdir, ölüm,
Sen meni her günde öldürýän telim.
Emma bir gezek hem jeza çekeňok
Eý, meniň jelladym, gara göz gelin.
***
Gahar etme, diýip: “Utanç ýok sende,
Telim gezek gelip dursuň her günede”,
Göwsüňde gizläpsiň goşa magniti,
Dartyp dursa, onsoň nä günä mende?

Mämmet Seýidow "Rubagylar we bentler" goşgusy.

Edebiýat, yoga tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir