Bela-beterler tüm garaňky gije-de öz ýoluny tapar.

Betbaglyk atly gelip, pyýada gaýdar.

Gowy maslahatyň bahasy ýok.

Eger berilýän maslahat gowy bolsa, ony kimiň bereniniň parhy ýok.

Pyşyrdalyp berilýän maslahatda derek bolmaz.

Gowy maslahata eýermegem ony bermek ýaly kyn.

Ýolbarsyň guýrugy bolandan itiň kellesi bolan ýagşy.

Keltäniň gahary tiz geler.

Ýagşy adamyň gahary tiz ýatar.

Altyn käse-de gelse-de, zäher zäher bolar.

Hiç wagt daşdan garap nyrh kesme.

Adamy tanajak bolsaň, oňa wezipe (ygtyýar) ber.

Erbetlik edýän ýagtylygy ýigrener.

Bir gezek erbetlik eden ýene-de eder.

Her günä öz jezasyny ýany bilen alyp geler.

Azgynlaryň söýgüsi ýigrenjinden has howpludyr.

Eşiden zadyň hiç birine ynanma, görenleriň bolsa diňe ýarsyna ynan.

Duşman dilinden çykan söze ynanma.

Adam köp bildikçe ynanýan zady azalar.

Hiç zat soramaýan hiç zat öwrenmez.

Bergili adam tora düşen bendedir.

Berilmedik bergiler ötülmedik günälerdir.

Ogluň öýlenýänçe ogul bolar, ýöne gyz zürýat bütin ömrüne gyzyň bolup galar.

Çaga kiçijikkä dyzyňa agram berer, ulalansoň ýüregiňe.

Ýaman bilen ýoldaş bolandan ýeke gal.

Ýaman bilen ülpet bolandan urlup-ýenjilen ýagşy.

Adam ogly öwülenni gowy görer.

Illeriň aýdýanyny aýt, ýöne özüňçe pikirlen.

Iňlis dilinden terjime eden Ýowşan Annagurban.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir