Añşyrmandym nämäñ näme bolanyn,
Dagap gitdi goýunlarmyñ hemmesi.
Diñşirgensem köne ýatan guýydan
Eşidildi zaryn ejemiñ sesi.

Ylgap bardym. Ejem ýatyr aşakda.
Ýarpy göwräm sallap, uzatdym elim. 
Näme üçin ejemjana ýetenok
Uzatsam-da aşak elimi telim.

Durup bilmän özüm guýa okladym
Aýdyp janly başa, Hudaý ýoluna.
Emma nämüçinkä gözýaşly ejem
Gidip barýar barha aşaklygyna.

Ol guýydan ýol gitse-de has aşak,
Barýan onuñ tümlügine garaman.
Görmek umyt bilen ýitiren käbäm
"Şygyrt" bolsa şol tarapa ýöreýän.

"Ejeee" diýip gygyramda dowamly
Bir ýerlerden çykar diýip çakladym.
Ýöne menden medet islän ejemiñ
Keşbi-hä däl, sesini-de tapmadym.

Dowam etdim şol tümlükden ýolumy,
Çykdym ahyr ýagtylyga, kenara.
Göyä diýrsiñ gözýetmesiz okean
Süýşùp gelýär maña tarap hamana.

Ol ummanda altyn balyk göründi,
Gördüm onda ejemjanyñ keşbini.
Begenjimden täzelendi has beter
Öçüp barýan gözlerimiñ uçguny.

Köle döndi uly umman kiçelip,
Gitdigiçe bolup barýar has kiçi.
Görseñ indi oña köl-de diýmersiñ,
Kak suwy dek Altyn balykly içi.

Elim uzadamda Altyn balyga
Gözüm açdym. Zöwwe galdym dessine.
Kursdaşymam oýanypdyr şol pursat
Meniñ eýmenç "Eje" diýen sesime.

Syzýar eken perzent Ene ýüregin
Haçan-da ol ondan aýra bolanda.
Gözúm ýetdi erte saba dogjak gün
Meniñ ùçin agyr bolup doganda.

Ertesi gün, birgün, şu gùne çenli
Dowam etdi ýüregimiñ agysy.
Gör ýene-de dowam eder näçe ýyl
Kalbda galan aýralygyñ awysy.

Edil beýle derejede görmändim
Ene şeýle Mukaddesdir diýseler.
Subut etdi maña durmuş sapagy
Ýitirlende iñ mähriban dideler.

Ýadymda, sen meñ ýanyma geleñde
Şygyrlarym senden bukup ýitirşim.
Bu gün käbäm senden gizlän goşgulam
Giç bolsa-da köpçülige ýetirdim.

Ruhuñ okap senden bukan şygyrlam
Diri bolup düýşúme-de girersiñ.
Onsoñ käbäm oýanmajak bolsamam
"Kyn bolsa-da oýan balam!" diýersiñ.

Ýogsa nämä guwanmaly şolarsyz,
Indi mende ene-de ýok ata-da.
Önüp-ösdüm deñ-duşlardan kemsinip
Şemal açyp, şemal ýapýan gapyda.

Gäbiazan, bolsam-da men dikdüşdi, 
Ejizleýän Enä gezek gelende.
Sebäbi señ ýaşamagyñ manysy
Hem özeni Eziz Enäñ elinde.

Bu kakamdan geçdi bize gan bilen,
Enäñ niçik hormatyny öwretdi.
Beýle sungat juda inçe bolansoñ,
Ol özüne maşgalamy höwr etdi.

Ýazary näbelli.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir