Demirýol ministrliginiň täze goýberen mobil programmasyny bu saýtyň okyjylaryna ýetirýän.

Bu programma demir ýol gatnawlarynyň tertibi, otlularyň stansiýalara barýan we ugraýan wagtlary ýaly gerekli maglumatlaryň ýeketäk gory bolup durýan bu programma her bir ýolagçynyň jübüsinde bolmaly.

Programmada entek biletleriň bahasy görkezilmese-de eşidişime görä munyň üstünde işlenilýärmiş. Uzagy bilen internet arkaly satyn almak mümkinçiligi hem goşuljakmyş.

Gyzyklanýanlara Android we iPhone-a gurnamak üçin marketden/store-dan Demiryol diýip gözlemeli

Tehnologiýa, shahyr tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir