Öňem biri täze gullukdan gelipdir diýýä. Aý onsoň ir bilen bir edara iş sorap barypdyr.
Ýanňky edara başlygynyň ýanyna baryp: "ýaşuly salowmaleýkum, men täze gullukdan geldim, maňa iş gerek" diýipdir.
Edaraň başlygam muňa ters düşünip (Korrupsiýa garşy göreş): "Waleýkumsalam saglykmy, amanlykmy inim, geliň geçiň, baýbow siz täze gullukdan gelen bolsaňyz dagy bosagada durmaň töre geçiň". Aý garaz bu ýaş ýigidiň sözüniň soňuny diňlemän, muňa hezzet hormat edip, agşama çenli iýdirip-içirip zyr peýan edipdir.
Ýaňky ýaş ýigit, ahyr agşam ara düşüberende edara başlygynyň ters düşüneni bilipdirde: "Ýaşuly, indi menem bir diňläňdä, men täze armiýadan geldim onsoň işsiz gezip ýormäýin diýip, siziň edaraňyza iş sorap gedim" diýipdirem welin, ol barmana edaraň başlygy: "haý ogloň s...... güm bol, gözüme görünme" diýip kowup goýberipdir. :D: D :D

Edebiýat, Mergen70 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir