Maña söýýân diýme janym
Duýaýyn señ gözleriñden
Bagyşlasañ bahar ýazyñ
Gyşyñ özgâ dözmerin men

Maña söýýân diýme janym
Gizle ony gursagyñda
Bagş et maña yşgyñ jamyn
Gaýnap dursun gursagymda

Hakdan gelen pâk sòýgini
Gorap başar il gözinden
Duýaýyn gizlin duýgyñy
Her halyñdan her söziñden

Beýle kân nâz etme janym
Saña sadalyk ýaraşýar
Ýör gideli mâhribanym
Bagt ýoly bize garaşýar

"Seni çensiz söýýârin men "
Diýip düýşde güýme janym
Aýtmasañam bilýârin men
Maña söýýân diýme janym

Amannazarow Gerceknazar.

Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir