《Uýma şeýtana》

Dogry ýola çagyrlanda gelmeseň
Allahym halamaz uýma şeýtana
Il günüň içinde ýalan sözleseň
Allahym halamaz uýma şeýtana

Ýagşylyk et haýyr gazan özüňe
Allanma adamzat nadan sözüne
Günä alma haram iýip özüňe
Allahym halamaz uýma şeýtana

Özüň harsy dünýä ýoluna itme
Arzuw edip yzyna düşüp gitme
Özüň tämiz sakla wyždanym satma
Allahym halamaz uýma şeýtana

Her Jumgada metjitleri doldyrdyk
El Galdyryp doga dilegler etdik
Taňryma sygynyp maksada ýetdik
Gel ynsan bu ýola uýma şeýtana

Işiň ugryna bolar hak ýolun tutsaň
Günälerňe ökünüp toba etseň
Allaňy söýüp gaharyňy ýuwutsaň
Bet işe allanma uýma şeýtana

©Annagurban Annagurbanow.

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir