《Göresim gelýä》

Niçeler jan etdim, Ýatdan çykmadyň
Mähribanym seni göresim gelýä
Gözümde ýaşym bar elde suratyň
Eziz ýarym seni göresim gelýä


Şeýdip gutardymy biziň söýgümiz
Birleşmezmi indi biziň ýolymyz
Şeýle ýazyldymy bu ykbalymyz
Gözüm ýaşly seni göresim gelýä


Dyza çöküp ýalbarsamda gelmezmiň
Gara gözleň bilen nazar salmazmyň
Rugsat ber göreýin sözüm almazmyň
Mähribanym şeýle göresim gelýä


Şol günden soň dolanmady gelmedi
Aglap aglap gözümde ýaş galmady
Arzuw etdim arzuwlarym bolmady
Şonda da ezizim göresim Gelýä

©Annagurban Annagurbanow

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir