Siz durmushda nira ylgayanyz?!
Bugune cenli yashanlarynyz size berilen zatlaryn hemmesini bir tarapda goy.Siz goymasanyzam onsuzam olar siz bilen.Yalnys dogry,govy erbet shu wagta cenli yashanlarynyzy we gecmishinizi uytgedip bilmersiniz.Yone bugununize gora geljeginizi saylap,uytgedip bilersiniz.
Diyersiniz her zat oz elimizdemi?!
Shu setirlerden netije cykaryn:
"Bir ceshme denize yetmek ucin yola cykyar.Daglary-duzleri,depeleri,bag-bakjalary enceme yollary gecyar.Onun yoluna janly-jandarlar shayatlyk edyar.Sonra onunden bir uly beyik gaya cykyar.
Yol gutarar.Name eder?!Yza dolanarmy?!
Yogsa-da ol yerde ozunin yitip gitmegine garasharmy?!
Yok elbetde .Ol oz kejirligi bilen onunden cykan pasgelciligi yenip geçmage ymtylar.Ya ashagyndan syzyp akyp oz-ozune yol acar.Ya owrulip yol-yodasyny uytgedip gecip bilmage denize gowushmaga bir cykalga tapar.
Belki-de yol uzar,belki-de denize yetmek ucin wagty uzar.Yone onunde-sonunda ceshme denize govushar,deniz usti bilenem ummana birlesher."
Ynanyn, sizinem ahli bokdenclikleri bowsup gecip ahyrynda yetjek bir deniziniz bolmaly.Durmushda-elmydama garashylmadyk wakalar,uytgeshmeler, dowamly yolagchylygynyzda almaly sapagynyz kop bolar,gaygy-gussanyz bolar.Yone bularyn bolmagy bilen sizin durmush tejribaniz has kamillesher. Durmush-bu sizin sonky barmaly pellehananyz dal,shol pellehana cenli nahili yashayanymyz,nahili bar bolshumyZ...
Mahal-mahal oz yolumda yitrim bolyaryn.Gizlenyarin,gynanyaryn,oz otagyma gabalyp otyryan.Yaralarym ganayarka oz men-menligime buysanyp,ustuni ortyarin.Oz ejizligimi bashgalara malim etmejek bolyaryn. Munun namedigni sizem govy bilyan bolsañyz gerek?!Bu duyguny bashdan gecirmedim diyseniz onda sizin yashayanynyz yalandyr.Kop wagtdan bari oz-ozunizden yuz donderensiniz diymekdir....
Koplenc oran yadaw,koplenc bu durmushdan doyan yagdaydasynyz. Koplenc bashagay,ylhamly,yadawsyz ...
Bir wagtdan bashga wagta,bir yagdaydan bashga yagdaya gecyar,ahli zat uytgeyar. Hemmesi ötegçi,gelip geçiji.Bizin dushunmeli zadymyz bolsa name gazanyp name yitirmegimiz ine bu galyan zat...
Ne duygularymyz dowamly...
Ne-de durmushyn akymy...
Gaygylanarys,begeneris,pikirleneris,pese gacharys,belende galarys,sheyle dowamly yashap gecip gideris...Yashayarkanyz baryan yollarynyz sonlar sonuny.Bashga yureklere cekjek suratlarynyz yzda goyjak yzlarynyzdyr,yzda sizden galjak yadygarlikdir.
Hiç bir yagday,duygy hemiselik ya-da dowamly daldir.Ahli zat akyp gityar, uytgeyar.Durmushyn garashylmadyk pursatlary ahlimize miyesser edyar.Dort tarapyna diwar orup oz-ozunizi gizlap gabalyp hem yashap bilersiniz.
Ellerinize ginden acyp yagshyn ashagynda ezilip erkin ruhubelent bolubam yashap bilersiniZ.Sonunda oz durmus kitabynyz awtory dineje sizin ozuniz.Nahili bolmaly ,ol kitaby nahili doretmeli,nahili yazmaly hemme zat oz elinizde.
Durmushdaky umumylyklardan gorelde alman,Siz durmush umumylyklaryna gorelde bolun!!!
Oylanma by : Nazli

Edebiýat, Mesmelejigim tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir