Hawa,corekden bismilla edip, cay icip bashladylar. Gurruñ gyzyshdy. Sohbetiñ mowzugy oylenmek meselesiniñ dashynds boldy. Gepiñ ahyrynda Bally husyt
---Jalay molla, seniñ isleyan gyzyñ gylyk- hasiyeti, boy-syraty nahili bolsa yagshy- diyip,oy eyesinden sorady.
---Ine,sheyle bolmaly-diyip, Jalay molla sohbetdeshine garap, bir goshgy aydar boldy,gor,bak,name diyer.

Bally aga, tapan gyzyñ
Yuregimiñ tary bolsun.
Syn edemde,guler yuzi
Gyshyñ akja gary bolsun.

Goyaki,bir jubut gumry-
Bile yashap,sursek omri,
Doshundaki gosha yumry
Bagyñ alma-nary bolsun.

Bashynda akyl-kemaly,
Goltukdan ossun shemaly.
Boy-syraty,gul-jemaly
Gozlerimiñ nury bolsun.

Bolsun edaly-edepli,
Oturup-turshy mekdepli.
Yigrenyan gyzym kop gepli,
Sozleriniñ yeri bolsun.

Yatan bir yalta bolmasyn,
Bir janly halta bolmasyn,
Akyly kelte bolmasyn,
Sozleri soz duri bolsun.

Kirim yuwup,bitim syksyn,
,,Lepbey" diyp,oñumde coksin,
Dusheklerim serip-kaksyn,
Ari ucin chory bolsun.

Sagdyn bolsun alyan demi,
Añlasyn cak bilen ceni,
Jalay molla,gepiñ jemi,
Duranja bir peri bolsun.

Elkissa,Jalay molla goshgyny tamam etdi. Husyt gashyny cytdy
---Jalay molla,bir kemsiz gozel bolmaz diyipdirler. Sen-a asyl Goroglyñ Sapar Kosesine meñzediñ.Adamcylyk bu. Mayda-cuyde kemi bolman bolmaz. Seniñ goshgyda isleyan gyzyñ han-patyshalara-da nesip eden daldir.Bolmadymy goltugnyñ teyinden shemal gecip duran biri. Iyjek-icjegiñi tayarlap berse, kiriñi yuwup, egniñi,oyuñi arassa saklasa bolmadymy saña.
---Dogry aydyañ,Bally aga. Goltugunyñ teyinden shemala derek yylan gecmese boldy. Ojagyma sharik bolup otursa, men shoña yuz-muñ razy. Yakamdan tutup,towereginde pyrlap yoren jenjelkesh bolmasa boldy.
---Ony gaygy etme, inim. Bashga yeriñden tutsa-da yakañdan tutmaz. Aljak gyzyñ añyrsyna-barsine gaty belet bolaryn.Sorashdyrma kemini goymaryn.
---Sheydewer, Bally aga.
Sheylelikde, maslahaty messa, messini kowshe gabadylar.
Bally husyt omyn edip,yerinden turdy.Jalay molla myhmanyny esli yere cenli ugratdy.

Edebiýat, garayolly68 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir