Bir adam bir daglyk ýerde ýöräp barýarka aýagy typyp uçut gaýadan aşak togalanyp gaýdýar.. Jan howluna eline ilen bir agaç şahasyna ýapyşyp galýar.. Endam-jany awy-zerzaw içinde we gorkmakdan ýaňa titräp agaçdan asylgy duran adam birhaýukdan soň demini dürsäp töweregine garanjaklaýar. Töwerekde anyk hiçzat görnenok, ýöne öz gaçan ýeriniň beýik depäň uçut gaýalyk ýeridigini takyk bilýär. Ýagny elini göýberse ýa-da agajyň şahasy gopsa göni aşak gaçyp ölmeli, başga ýol ýok. Gygyrsa-da aglasa-da sesine ses berýän diňe daglarda ýaňlanan öz sesi bolýar.. Uzakly gijäni iňňäň üstünde oturan deý stres astynda gorky we titrewük ýagdaýda geçirýär.. Ençeme wagt geçensoň jahan ýagtylyp başlaýar.. Ol adam aşak seretse bary-ýogy 15 sm aşagynda bir äpet daş bar ekeni..
Elbetde ol daşyň üstünde rahat we arkaýyn dynç alyp bilerdi, emma bütin gijesi ezýet içinde geçdi..
Öz durmuş tejribelerimden salgylanyp aýdýaryn; durmuşda gorky şol 15 sm-den has çuň däldir. Ol şahadan aslyşyp ömrüňi ezýete öwürmek bilen şahany göýberip aýaklaryň üstüne galmak diňe seň eliňde..
Osho hekaýasy şu ýerde gutardy.. Bu hekaýa maňa başga bir wakany ýatlatdy.. Bir kitapda okapdym..
Bir adam gije garawulçylygynyň dowamynda arassalamak üçin äpet sowadyjynyň içine girýär.. Nähili bolanyny anyk bilmese-de birden sowadyjyň daşky gapysy ýapylyp gulplanýar. Içinden açmak mümkin däl, sesiň daşaryk çykmagy ýa-da içerde çykarlan gohlaryň daşaryk eşidilmegi mümkin däl. Üstesine-de garawulçylykda ýeke özi bar, äpet binada özünden başga adam ýok. Telefonam ýanynda ýok..
Näme bolandyr öýdýäňiz?
Irden işdeşleri gelip sowadyjyny açsalar garawul doňup galypdyr..
Emma bu wakaň täsin ýeri; sowadyjy uzakly gije işlemändir we sowadyjyň içindäki howa 18 gradusdan pes däl ekeni..
Ol garawuly öldüren öz aňyndaky pikirden, hut öz gorkusyndan başga näme?!
Nepes29 6 years ago- gyzyk-ly..👍