Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýleki milli gymmatlyklarymyz ýaly, şaý-seplerimiz hem halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Olaryň gadymy nusgalaryny saklap galmak, täzeden dikeltmek bilen birlikde, döwrebap görnüşlerini ýasamaklyga-da uly ähmiýet berilýär. Zergärlerimiz tarapyndan döredilýän täze nusgaly şaý-seplerimizde berkarar Watanymyzyň belentlikleri, halkymyzyň bagtyýarlyklary öz beýanyny tapýar.
Türkmen şaý-sepleri ähli döwürlerde-de nazarlary egleýji gözelligi, ýasalyş aýratynlyklary bilen görenleri haýrana goýup gelipdir. Onuňam esasy sebäbi biziň şaý-seplerimiziň hiç bir halkyňka meňzemeýän özboluşlylygydyr. Hut şonuň üçin häzirki döwürde-de zergärlerimiziň yhlas siňdirip ýasan ajaýyp şaý-sepleri Diýarymyzyň çäklerinde, şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilýän sergilerde milletimiziň at-owazasyny, sungatynyň nepisliklerini äleme jar edýär.
Zergärçilik gözel dünýä, ussat zergärler bolsa şol owadan dünýäniň ýaşaýjylarydyr. Bu gözel dünýä zer gadyryny bilýän ussat zergärleriň yhlasyndan, päk zähmetinden bina bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, bu sungat täzeden badalga aldy. Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi arşa galdyrmagy, şol baky sungatyň gülleýändiginden habar berýär. Altyn-kümüşden ýasalan şaý-seplerimiz türkmen halkynyň kalbynyň aýnasydyr. Bu şaý-sepler türkmen halkynyň taryhynyň, hakydasynyň we ruhunyň syrlaryny açýan, nesilden-nesle geçirip gelýän özboluşly sungat eseridir. Türkmen zergärleriniň ýasaýan şaý-seplerinde ýerleşdirýän nagyşlarynyň her biriniň özboluşly manysynyň, taryhynyň bolmagy hem şundan habar berýär. Ol şaý-sepler türkmeniň kalbynda baky orun tutan gözelligiň, söýginiň, pynhan duýgularyň çeperçilik taýdan sazlaşmagyndan döreýär.
Taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän gadymy halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen däp-dessurlary, urp-adatlary özboluşly türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ýüze çykmagyna getiripdir. Biziň zenanlarymyz armyt, pişme, atanak, ülje şekilli gulakhalkalary dakynypdyrlar. Merkezinde hakyk daşyndan gaşy bolan inçejik ildirgiçli nepis gulakhalkalar has köp ulanylypdyr. Türkmen zergärleri öz ýasan bezeg şaýlarynyň ýüzüne sap altyn suwuny çaýypdyrlar. Bu bolsa gelin-gyzlaryň bezeg şaý-sepleriniň nepisligini hem-de owadanlygyny has artdyrypdyr.
Milli zergärçiligimiziň ajaýyp önümleriniň biri-de bilezikdir. Köplenç, kümüşçi ussalar bilezikleri zergärçilikde ulanylýan baglama ýoly bilen ýasapdyrlar. Gadymyýetde gelin-gyzlaryň ürç edip dakynan bilezikleriniň halka sany bir goşmadan tä on üç, on bäş goşma çenli bolup, şolaryň arasynda üç-dört goşma bilezikler has ýörgünli bolupdyr. Kümüşçi ussalar olaryň ýüzüne oturdylan gaşlaryň arasyny owadan nagyşlar bilen haşamlap bezäpdirler. Gaşlaryň arasyna, esasan, naýza, goçbuýnuz, pişme ýaly nagyşlar salnypdyr.
Halynyň nagyşlarynyň atlarynyň bolşy ýaly, zergärçilikde ulanylan nagyşlaryň hem öz atlary bolupdyr. Zergärler bileziklere dakylan dişleriň görnüşine görä at beripdirler. Ýurdumyzyň günortasynda, ýagny Mary sebitlerinde ýaşaýan zergärler, esasan, bilezigiň dişlerini düwme diş edýän ekenler. Ussalar bilezikleriň dişini goşmalara görä oturdypdyrlar. Mysal üçin, düwme dişler her goşmada başaşa görnüşinde bolupdyr, darak dişler bolsa bilezigiň her goşmasyna ikiden-üçden diýen ýaly düşýän görnüşde oturdylypdyr.
Gadymyýetde türkmen zergärçilik sungatynyň ýokary derejä göterilmegine, şaý-sepleriň bezeg üçin ulanylyşy bilen bir wagtda, olaryň täsir ediş güýjüne bolan ynam hem öz täsirini ýetiripdir. Mysal üçin, türkmen gelin-gyzlarynyň dakynan dagdan atly bezeg şaýynyň asyllylygy, päkligi saklaýan, zäheriň we erbet nazaryň badyny gowşadýan güýjüniň bardygyna şübhelenmändirler. Tumar babatda hem şeýle ynamyň bardygyny aýtmak gerek.
Zergärler şaý-sep ýasamak üçin altyn-kümüş böleklerini, kümüş pullary we şaýylary peýdalanypdyrlar, olary her dürli keselleriň öňüni almakda, gözüň görejini goramakda peýdaly hasaplapdyrlar. Bu babatda altyna aýratyn ähmiýet berlipdir. Şonuň üçin zergärler, köplenç, şaý-sepleriň özüne-de, onuň düşegine-de sap altyn çaýypdyrlar. Simap gatyşdyrmak arkaly altyndan we kümüşden ergin taýýarlamak usuly düşege gerek möçberdäki ergini çaýmaga mümkinçilik beripdir. Altyn suwy çaýylan düşekleriň giňden ulanylmagy türkmen zergärleriniň ýasan şaýlarynyň ýene bir aýratynlygydyr. Kümüş düşeginiň ýüzüne tutuşlygyna diýen ýaly altyn çaýylan şaý-seplere bezemenlik, owadanlyk mahsus bolupdyr.
Türkmen halky ruhuna, milli häsiýetlerine, däp-dessurlaryna mahsus bolmadyk şaý-sepleri asla kabul etmändir. Şoňa görä-de zergärler her bir şaý-sepiň milli özboluşlylygyny saklamak ugrunda jan edipdirler. Gadymy ussalaryň ýasan şaý-sepleriniň tapawutly tarapy, zergärçilik önümleriniň nagşyň gazma görnüşine has baýdygyndan ybaratdyr. Iňňän gadymy nagyşlar hökmünde içine atanak çekilen tegelek, pişme, egrem-bugram, diş-diş, üçburçluk, dörtburçluk, pyşbaga, at, peýkam, ok görnüşli nagyşlary agzamak bolar.
Ata-babalarymyz gelin-gyzlaryň bezeg şaý-seplerine oturdylýan daşlara-da aýratyn ähmiýet berip, olaryň häsiýetlerini hem içgin öwrenipdirler. Mysal üçin, hakyk daşy öýe bagt getirýän, gözüň görejini goraýan, bela-beterden saklaýan jadyly daş hasaplanypdyr. Şonuň üçin hem ussalar bezeg şaý-sepleriniň aglaba köpüsinde hakyk daşyny ulanypdyrlar. Şeýle-de türkmen zergärleri pöwrize daşyny-da köp ulanypdyrlar. Gök asmanyň giňişligine meňzedilýän bu daş päkligi, kalbyňa aram berijiligi bilen meşhur bolupdyr.
Zergärlerimiziň altyndan, kümüşden, gymmat bahaly daşlardan ýasan bezeg şaýlary dünýäniň medeni gymmatlyklarynyň bir bölegi hökmünde özüniň mynasyp ornuny tapypdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe-de biziň milli zergärçilik sungatymyz özüniň köp görnüşliligi, şekilleriniň gelşikliligi, dürli-dürli nagyşlara baýlygy, taýýarlanyş aýratynlygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin, türkmen şaý-sepleri henize-bu güne çenli bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň içinde öz şöhratyny saklap gelýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen zergärlerimiziň ýasaýan ajaýyp şaý-sepleri bu günki gün türkmen sungatynyň kämilliginiň buşlukçylarydyr. Çünki türkmen zergärleriniň irginsiz zähmetiniň, zehininiň miwesi bolan nepis şaý-seplerimiziň lowurdysynda türkmen halkynyň öz gelin-gyzyna, ata-Watanyna, mukaddes topragyna söýgüsi, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda höküm sürýän bagtyýar durmuşa buýsanjy jemlenipdir.

Hemra TOÝLYÝEW,
HTTU-nyň taryh mugallymy.

Edebiýat, kitaphanachy tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir